Daniýa dünýäde ilkinji bolup raýatlaryny dipfeýkden goramak üçin kanun kabul etdi

  • 04.07.2025 12:19
  • 6.3k+

Daniýa raýatlaryny dipfeýk tehnologiýasyndan goramak üçin giň gerimli kanunçylygy kabul eden ilkinji ýurt boldy. Täze kabul edilen kanun raýatlara öz sesine, daşky görnüşine hem-de sanly keşbine bolan aýratyn hukugy berýär diýip, «TechSpot» habar berýär.

Kanun taslamasynyň esasy maddalary:

  • Sanly şahsyýet hukugy: Raýatlar özleriniň razyçylygy bolmazdan döredilen dipfeýk mazmunlaryň öçürilmegini talap edip bilerler. Bu talaplary ýerine ýetirmeýän platformalara uly möçberde jerime salnar.
  • Döredijilik hünärlerini goramak: Sungatçylar we tanymal şahslar öz keşpleriniň rugsatsyz ulanylmagyny gadagan edip, ýetirilen zyýanyň öwezini talap edip bilerler.
  • Söz azatlygy bilen deňagramlylyk: Kanun satira we parodiýa ýaly döredijilik görnüşleriniň hukuk taýdan goraglylygy bilen bilelikde, bu hukuklaryň saklanylmagyny üpjün edýär.

Bu başlangyç Teýlor Swiftden başlap Rim Papasyna çenli soňky döwürde peýda bolan galp wideolar sebäpli, emeli aň tehnologiýasynyň ýaramaz niýet bilen ulanylýan ýagdaýlarynyň köpelmegi netijesinde ýüze çykdy.

«Adam sanly nusgalaýjy enjam üçin çig mal bolmaly däldir» — diýip, Daniýanyň medeniýet ministri Ýakob Engel-Şmidt aýtdy.

Kanun taslamasy parlamentdäki deputatlaryň 90%-niň goldawyny aldy. Kopengagen bu çäreleriň Ýewropa Bileleşiginiň geljekki ýolbaşçylygy döwründe hem dowam etdirilmegini meýilleşdirýär.
Täze kanunda çalt çäre görmegiň mehanizmleri göz öňünde tutulýar: platformalar arz edilensoň 24 sagadyň dowamynda degişli mazmuny öçürmeli. Jedelli ýagdaýlara seljeriş üçin bilermenlerden ybarat ýörite komissiýa dörediler. Çagalary goramak üns merkezinde saklanylýar: kämillik ýaşyna ýetmedikleriň keşpleriniň dipfeýk mazmunlarda ulanylandygy üçin, 500 müň krona çenli (takmynan, 67 müň dollar) jerime salnyp bilner.
Bilermenler Daniýany generatiw emeli aň döwründe sanly howpsuzlygyň täze ölçegini girizen ýurt hökmünde häsiýetlendirýärler.


düýn 09:36
1.7k+

Citrini Research-iň emeli aň baradaky hasabaty ABŞ-nyň birža indekslerini sarsdyrdy

ABŞ-nyň gazna bazary hepdäniň başyny howsalaly görkezijiler bilen açdy. Geň tarapy, munuň sebäbi iri korporasiýalaryň maliýe hasabatlary ýa-da döwlet düzgünleşdirijileriniň kararlary däl-de, eýsem Citrini Research toparynyň emeli aň (EA) baradaky täze ylmy hasabaty boldy...

17.02.2026 19:35
2.8k+

Ýewroparlamentiň deputatlary iş planşetlerinde emeli aňsyz galdylar

Ýewropa parlamenti howpsuzlyk maksady bilen, deputatlaryň korporatiw planşetlerindäki emeli aň funksiýalaryny öçürdi. Bu barada Euractiv neşiri habar berýär. Şeýle karar kiberhowpsuzlyk we şahsy maglumatlary goramak boýunça hünärmenleriň maslahaty esasynda kabul edildi...

07.02.2026 12:51
1.3k+

Google golda baryny gaýgyranok: kompaniýa EA üçin şu ýyl 185 mlrd dollar çykdajy etmekçi

Google kompaniýasy emeli aňy ösdürmek üçin düýpli maýa goýumlaryny ep-esli artdyrmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Muny Business Insider neşiri habar berýär. Gözleg gigantynyň enelik kompaniýasy bolan Alphabet geljek ýyl çykdajylaryň 175–185 milliard dollar boljakdygyny çaklaýar...

29.01.2026 10:25
4.4k+

Emeli aňyň adaty zada öwrülen ýerleri: Ýurtlar boýunça ornaşdyrylyş kartasy

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäniň zähmete ukyply ilatynyň 16,1%-i emeli aňy ulandy. Bu görkeziji EA tehnologiýalarynyň entek jemgyýetiň diňe belli bir bölegine ýaýrandygyny we geljekde ösmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny aňladýar...