Emeli aň WhatsApp-da okalmadyk hatlaryň gysgaça mazmunyny jemläp aýdyp berer

  • 27.06.2025 20:05
  • 2.4k+

WhatsApp messenjeri täze «Message Summaries» atly funksiýasynyň işe girizilendigini mälim etdi. Bu funksiýa arkaly ulanyjylar okalmadyk hatlaryň emeli aň tarapyndan taýýarlanan gysgaça mazmunyny görüp bilerler.

Täze funksiýa ilki bilen ABŞ-da iňlis dilinde elýeterli bolar. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli bolsa, beýleki sebitlere we dillere giňeldilmegine garaşylýar.
Bu funksiýa «Summarize privately» diýen düwme arkaly işleýär. Bu düwme okalmadyk hatlaryň üstünde peýda bolýar. Kompaniýanyň bellemegine görä, bu aýratynlyk köp sanly söhbetdeşlikleriň arasynda aňsatlyk bilen ugrukmaga we ýygnanan hatlary tiz wagtda gözden geçirmäge kömek eder. Esasanam, ulanyjy messenjere uzak wagt girmedik bolsa ýa-da birnäçe aktiw söhbetdeşlige gatnaşýan bolsa, bu aýratynlyk has peýdaly bolar.
Şeýle-de bolsa, WhatsApp bu tehnologiýanyň entek kämil däldigini we hatda ýönekeý gepleşikleri hem käwagt nädogry seljerýändigini boýun alýar.
Gizlinlige aýratyn ähmiýet berilýär: bu funksiýa diňe ulanyjynyň özi tarapyndan el bilen işjeňleşdirilýär, maglumatlar «end-to-end encryption» usuly bilen şifrlenýär we serwerlerde saklanmaýar. Mundan başga-da, «Advanced Chat Privacy» sazlamalary arkaly aýratyn söhbetdeşlikleri seljeriş prosesinden çykarmak mümkinçiligi bar.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......