Oskar baýragyny alan studiýa doly emeli aň tarapyndan döredilen multserialy çykardy

  • 02.07.2025 14:07
  • 5.8k+

“Mugthorlar” (Паразиты) filmini çykaran CJ ENM kompaniýasy doly derejede emeli aň tarapyndan döredilen “Pişik Biggi” multserialyny hödürledi. Ony döredijiler konsepsiýany işläp taýýarlamak, distribusiýa we mahabatlandyrmak ýaly ähli işler bilen EA-nyň meşgullanandygyny belleýär.

Olaryň aýtmagyna görä, bu dürli görnüşde we žanrlarda kontent döretmek mümkinçiligini giňeltmäge hem-de täze görnüşli intellektual eýeçiligini döretmäge mümkinçilik berýär.
Studiýa önümçilikde iki esasy ulgamy ulanýar: Cinematic AI we AI Script. Cinematic AI şekili, wideony, sesi bir ulgama birikdirip, 3D gahrymanlary we olaryň töweregindäki giňişligi awtomatik usulda işleýär. AI Script bolsa sarp edijileriň islegini we bazar tendensiýasyny seljerip, laýyk gelýän žanrlary we media formatlaryny hödürleýär.
“Pişik Biggi” sözsüz gysga animasion bölümlerden ybarat serialdyr. EA 30 sany iki minutlyk bölümleri bary-ýogy bäş aýyň içinde özbaşdak taýýarlady we wizuallaşdyrdy. Serial garaşylmadyk ýagdaýda bir jüýjejik üçin ata öwrülýän pişik barada gürrüň berýär.
CJ ENM özüni “global emeli aň studiýasy” hökmünde görkezýär. Bir ýylyň içinde kompaniýa EA-ny ulanmak bilen, film we serial önümçiligini giňeltmegi meýilleşdirýär.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....