Hytaýda giriş synaglary döwründe emeli aň programmalarynyň käbir funksiýalary öçürildi

  • 13.06.2025 10:58
  • 4.7k+

Hytaý kompaniýalary milli giriş synagy bolan Gaokaonyň adalatly geçmegini üpjün etmek maksady bilen, meşhur çat-botlarynda şekil tanamak funksiýalaryny wagtlaýyn öçürdiler. Bu synag 7-10-njy iýun aralygynda mekdeplerde geçirildi diýip, «Bloomberg» agentligi habar berýär.

Gaokao ýokary okuw jaýlaryna girmek isleýänler üçin iň berk we iň kyn synaglaryň biri hasaplanýar. Bu synag ähli dalaşgärlere olaryň maliýe ýagdaýyna ýa-da ýaşaýan ýerine garamazdan, deň mümkinçilik berýär.
Alibaba kompaniýasynyň Qwen, Tencent kompaniýasynyň Yuanbao we Moonshot kompaniýasynyň Kimi ýaly emeli aň programmalary resminamalary hem öz içine alýan surat tanamak mümkinçiliklerini öçürdiler. Käbir çat-botlar bu aýratynlygyň «wagtlaýyn doňdurylandygyny» habar berdi. Beýlekiler bolsa, synag kagyzlarynyň suratlaryny işlemekden boýun gaçyryp, munuň hyzmat düzgünlerini bozýandygyny aýtdy.
Bu çäreler Gaokaonyň ähmiýeti bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr, sebäbi bu synagyň netijesi okuwçylaryň geljekki bilim we iş ugurlaryny kesgitleýär. Synaglaryň guramaçylary we Hytaýyň häkimiýetleri, esasan-da, emeli aň tehnologiýalarynyň çalt ösýän döwründe, aldawçylaryň öňüni almak isleýärler. Girizilen çäklendirmeler ähli ulanyjylary öz içine alýar, bu synaglaryň doly adalatly geçmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.


12.05.2026 07:19
15k+

Günorta Hytaýda «iki kelleli» gamyş ýylanynyň täze görnüşi tapyldy

Hytaýly barlagçylar ýylanyň täze görnüşini – Guansi gamyş ýylanyny tapdylar. Bu ýylan ýyrtyjylardan goranmak üçin guýrugynyň kömegi bilen ikinji kelläniň şekilini döretmäge ukyplydyr....

10.05.2026 11:51
7.5k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......

09.05.2026 18:35
5.5k+

Hytaý dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny işe girizdi

Hytaý kuwwaty 16 MWt bolan dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny ulanylyşa girizdi. «Three Gorges Pilot» diýlip atlandyrylýan desga 2-nji maýda Guandun welaýatynyň Ýanszýan kenaryndan, takmynan, 70 kilometr......

07.05.2026 14:36
3.4k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......