Google AI indi näme gözleýäniňizi bilýär. AI gözleg ulgamy özüni ulanyja görä sazlaýar

  • 27.06.2025 11:29
  • 3.4k+

Google öz gözleg ulgamynyň AI Mode režimine şahsylaşdyrylan teklipleri ornaşdyryp başlady. Indi ulanyjylar kompaniýanyň mobil programmasynda bu režime geçenlerinde özleriniň Google-daky işjeňligine esaslanýan teklipleri görýärler.

Öň AI Mode hemmeler üçin birmeňzeş üç teklibi görkezýärdi. Mysal üçin, soňky bir toplumda meşhur sport zallaryny gözlemek, jedwel düzmäge kömek etmek, şeýle hem tomusky dynç alyşlar boýunça teklipler bardy. Indi teklipler şahsylaşdyrylan görnüşde düzülýär we Google mobil programmasy, gözleg wijeti ýa-da Pixel Launcher ýarlyklary arkaly AI Mode açylanda her gezek täzelenýär.
AI Mode Search Lab funksiýasy açyk bolanda Android we iOS üçin Google 16.24-iň beta wersiýasynda bu täzelik göze ildi.

Giňeldilen funksiýa geçen aý I/O 2025-de yglan edilen, häzirki wagtda ABŞ-nyň ähli ulanyjylary üçin elýeterli AI Mode-i giň gerimde ornaşdyrmagyň bir bölegidir.
Şol bir wagtyň özünde, Google täze AI Mode funksiýalaryny barlamagy dowam etdirýär. Hususan-da, ses talaplaryny gaýtadan işlemegiň mümkinçiligi öwrenilýär.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

22.03.2026 04:00
3.1k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
926

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...