Maskyň xAI startapy girdeji almak maksady bilen her aý $1 mlrd sarp edýär

  • 20.06.2025 17:28
  • 1.9k+

Ilon Maskyň xAI startapy her aý 1 mlrd dollar sarp edýär, çünki ösen EA modellerini döretmek üçin çykdajylar kompaniýanyň girdejisinden ýokary bolýar. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bloomberg habar berýär.

Çykdajylary ýapmak üçin xAI karz we paýdarlar kapitaly görnüşinde 9,3 mlrd dollar çekmäge synanyşýar. Bu mukdaryň ýarysyndan gowragyny ýakyn üç aýda sarp etmek meýilleşdirilýär. 2025-nji ýylda kompaniýa 13 mlrd dollar sarp etmegi göz öňünde tutýar, ýöne serişde ýygnamagyň depgini çykdajylaryň göwrüminden yza galýar.
Çykdajylaryň ýokarlanmagy maglumat merkezleri we dil modellerini okatmak üçin çipleri satyn almak bilen baglanyşyklydyr. Carlyle Group-yň maglumatlaryna görä, 2030-njy ýyla çenli EA infrastrukturasyna 1,8 trln dollardan gowrak serişde sarp edilip bilner.
Bloomberg-iň hasaplamalaryna görä, xAI-iň girdejisi 2025-nji ýylda 500 mln dollar, 2026-njy ýylda 2 mlrd dollardan gowrak bolar. Deňeşdirmek üçin, OpenAI-iň girdejisiniň 2025-nji ýylda 12,7 mlrd dollar bolmagyna garaşylýar.
Ilon Maskyň aýtmagyna görä, kompaniýa çipleri satyn almagyny dowam etdirer. Bäsdeşlerden tapawutlylykda, xAI infrastrukturanyň köp bölegini özbaşdak töleýär we X sosial ulgamynyň serişdelerini ulanýar. X bilen birleşenden soň kompaniýa modelleri platformanyň öz maglumatlary boýunça taýýarlamagy meýilleşdirýär.
xAI-iň 2027-nji ýyla çenli girdejili bolmagyna garaşylýar. 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň bahasy 80 mlrd dollara ýetdi. Maýadarlaryň arasynda Andreessen Horowitz, Sequoia Capital we VY Capital bar. 2023-nji ýylda esaslandyrylandan bäri xAI 14 mlrd dollar çekdi, olardan 2025-nji ýylyň başyna çenli 4 mlrd dollar galdy.
Kompaniýa 4,3 mlrd dollarlyk maliýeleşdirme tapgyryny tamamlaýar we geljek ýyl ýene 6,4 mlrd dollar çekmegi hem-de 5 mlrd dollar karz almagy meýilleşdirýär. Bloomberg şertler maýadarlaryň peýdasyna üýtgedilenden soň, şertnama gyzyklanmanyň artandygyny habar berýär. 


11.05.2026 18:18
986

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......

10.05.2026 12:04
1.2k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

07.05.2026 14:14
2.7k+

Pirelli tekerleri emeli aňyň kömegi bilen ýoluň örtügini seljermegi öwrener

Pirelli kompaniýasy Şwesiýanyň «Univrses» tehnologiýa firmasynyň 30% paýyny satyn alandygyny yglan etdi. Bu şertnama kompaniýa özüniň «Cyber Tyre» platformasyna kompýuter görüşi we emeli aň tehnologiýalaryny......

06.05.2026 19:44
4.4k+

Samsung-yň eýeleri $8 mlrd möçberinde miras salgydyny töledi. Bu ýurt üçin rekord

2020-nji ýylda aradan çykan Samsung korporasiýasynyň ýolbaşçysy Li Gon Hiniň maşgalasy Günorta Koreýa üçin rekord mukdar bolan 12 trillion wona (8 milliard dollar) möçberindäki miras salgydyny dolulygyna töläp......