Hytaýda kung-fu hakyndaky nusgawy filmleri emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen dikeltmek isleýärler

  • 23.06.2025 13:26
  • 8.5k+

Hytaýyň kino gaznasy we onuň hyzmatdaşlary emeli aň tehnologiýasy arkaly söweş sungaty baradaky 100 nusgawy filmi dikeltmek boýunça giň gerimli işe başladylar. Bu barada 27-nji Şanhaý halkara film festiwalynda yglan edildi diýip, Variety ýazýar.

Neýroulgamlar asylky beýan edilişini we estetikasyny saklap galmak bilen, filmleriň şekillendirilişini, sesini we umumy hilini ýokarlandyrar. Maksat Hytaýyň söweş sungaty baradaky filminiň medeni we kinematografiki mirasyny gorap saklamakdyr.

"Brýus Li-den başlap Jeki Çana çenli, “Ogryn seredýän gaplaň, busup ýatan  aždarhadan” “Möjek söweşlerine” çenli bu filmler hytaý halkynyň durmuşy güýjüni we ruhuny dünýä görkezdi" – diýip, China Film Foundation-nyň başlygy Çžan Silin mälim etdi. Onuň sözlerine görä, bu filmler Hytaýyň kinematografiki tanatgyç kartlarydyr.

Dikeldiljek filmleriň arasynda “Gahardan düwlen ýumruk” (“Кулак ярости”), “Uly başlyk” (“Большой босс”), “Bir gezek Hytaýda” (“Однажды в Китае”) we “Serhoş ussat” (“Пьяный мастер”) filmleri bar. Canxing Media guramasynyň başlygy Týan Min birinji tapgyrda 10 filmiň ileri tutuljakdygyny habar berdi. Olaryň dikeldilmegi üçin 100 million ýuanyň (takmynan, 13,9 million dollar) bölnüp berlendigini aýtdy.

"Gysga metražly filmlerde we mikrodramalarda neýroulgamlary ulanmak eýýäm adata öwrüldi" - diýip, prodýuser nygtady .


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 11:02
1.7k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....