11k+

Ronaldu "Al-Nasr" bilen şertnamasyny 2027-nji ýyla çenli uzaltdy

Kriştianu Ronaldu Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol kluby bilen şertnamasyny 2027-nji ýylyň tomsuna çenli uzaltdy. Bu barada toparyň resmi saýty habar berdi. 40 ýaşly portugaliýaly hüjümçiniň öňki şertnamasy 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanmalydy...

8.4k+

Wýetnamda ýurtda ilkinji erkin ykdysady zolak dörediler

Wýetnamda ýurduň ilkinji erkin söwda zolagy dörediler. Bu zolak ýurduň merkezi bölegindäki tehnologiýa we syýahatçylyk merkezi bolan Danang şäherinde ýerleşer diýip, Nikkei neşiri habar berýär.  Hökümet bu taslamanyň ýurduň ykdysady ösüşine itergi bermegine we 2045-nji ýyla çenli ýokary girdejili döwlet bolmak maksadyna ýetmäge kömek etjekdigine garaşýar...

5.9k+

Xiaomi 339 dollardan Snapdragon 8s Gen 4 çipli Poco F7 smartfonyny çykardy

Xiaomi täze smartfony — Poco F7-ni hödürledi. Täze enjam mart aýynda çykarylan F7 Ultra we F7 Pro modelleriniň üstüni ýetirdi. Smartfon 4 nm tehnologiýasynda öndürilen sekiz ýadroly Snapdragon 8s Gen 4 prosessorynda işleýär we AnTuTu testinde 2 milliondan gowrak bal toplapdyr...

4.6k+

Marvel täze «Fantastiki dörtlügiň» jemleýji treýlerini görkezdi

Marvel “Fantastik dörtlük: Ilkinji ädimler” (“Fantastic Four: First Steps”) filminiň soňky treýlerini köpçülige hödürledi. Film dünýä boýunça prokata 25-nji iýulda çykyp, Marvel-iň kinematografik äleminiň altynjy tapgyrynyň başlangyjy bolar...

6.2k+

Barlaglara görä, emeli aňlar ýalan sözlemäge we manipulýasiýa etmäge hem ukyply

Uly dil modellerini (LLM) döredijiler heniz hem emeli aňyň jogaby nädip döredýändigine doly düşünmeýärler diýip, täze barlaglara salgylanýan Financial Times ýazýar. Anthropic, Google, OpenAI we xAI laboratoriýalarynda jogaplar döredilende AI-niň pikirleniş ädimini yzarlamaga mümkinçilik berýän “pikirler zynjyry” usuly ulanylýar...

1.8k+

Windows 11-de dikeldiş nokatlary iki aýdan pozulyp başlar

Microsoft kompaniýasy Windows 11-de dikeldiş nokatlarynyň (Restore point) saklanyş möhletini üýtgetdi. 2025-nji ýylyň iýun aýyndan başlap, 24H2 wersiýasy üçin täze täzelenme girizilenden soň, bu nokatlar indi diňe 60 gün saklanar — öň bu möhlet 90 güne barabardy...

3.1k+

Huawei eplenýän Pocket 2 Premium Edition-y çykarar: ol esasy wersiýadan arzan bolar

Huawei täze eplenýän Pocket 2 Premium Edition smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar diýip, brendiň Weibo sosial ulgamyndaky resmi hasaby habar berýär. Täze model 26-njy iýunda satuwa çykarylar we öňki Pocket 2 modelindäki ýaly dört reňkde hödürlener: Tahitian Gray (çal), Rococo White (ak), Purple (gyrmyzy), Black (gara)...

3k+

Gaý Riçiniň «Gangsterland» serialy ikinji möwsüme uzaldyldy

Paramount kompaniýasy “Gangsterland” teleserialyny ikinji möwsüme uzaltdy diýip, Variety habar berýär. Serial mart aýynda başlapdy, ilkinji möwsüminiň soňky bölümi bolsa 1-nji iýunda görkezildi. Serial alty hepde yzygiderli Nielsen reýtinginde iň gowy on original taslamanyň hataryna girmegi başardy...

2.1k+

Jeýms Bond hakyndaky indiki filmi "Alaňyň" režissýory Deni Wilnýow düşürer

Jeýms Bond baradaky indiki filmi kanadaly režissýor Deni Wilnýow surata düşürer diýip, Variety habar berýär. Wilnýow “Gelip çykyş” («Прибытие»), “Duşman” («Враг»), “Päkiniň üstünden ylgap barýan 2049” («Бегущий по лезвию 2049») we “Alaň” («Дюна») filminiň iki bölümi bilen tanalýar...

13k+

Toyota Land Cruiser Prado wnedorožnigi furgona öwrüldi

Toyota-nyň Britaniýadaky bölümi Land Cruiser wnedorožniginiň (beýleki sebitlerde Land Cruiser 250 ýa-da Land Cruiser Prado diýlip atlandyrylýan model şu ýerde şeýle at bilen satylýar) täze wersiýasyny hödürledi...

7.5k+

Plastik galyndylardan parasetamol öndürmegiň usuly tapyldy

Edinburg uniwersitetinden professor Stiwen Uollesiň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary plastik galyndylarynyň derman öndürmek üçin ulanylyp bilinjekdigini kesgitlediler. Bu barada Nature žurnalyndaky barlaga salgylanýan The Guardian ýazýar...

19k+

Günorta Koreýa öz raýatlaryny Eýrandan çykarmakda beren kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Eýrandan raýatlaryny çykarmakda beren kömegi üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. 24-nji iýunda Seuldaky Hökümet toplumynda geçirilen metbugat ýygnanyşygynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary degişli beýanat bilen çykyş etdi diýip, Newscentralasia habar berýär...