Angliýanyň Futbol assosiasiýasy “Çelsini” 74 düzgün bozmasynda aýyplady

  • 13.09.2025 13:09
  • 5k+

Angliýanyň Futbol assosiasiýasy (FA) Londonyň “Çelsi” klubuny 74 düzgün bozmasynda aýyplady. Bu barada FA-nyň metbugat gullugy habar berdi.

Assosiasiýanyň maglumatlaryna görä, düzgün bozmalar agentlikleriň, araçylaryň işi we üçünji şahslaryň maýa goýumlary bilen baglanyşykly. Düzgün bozmalaryň köpüsi 2010-2016-njy ýyllarda hasaba alyndy. Klub 19-njy sentýabra çenli aýyplamalara jogap bermeli.  
Bellenilişi ýaly, düzgün bozmalar topara işewür Roman Abramowiçiň eýeçilik eden döwri bolup geçdi.
Muňa jogap hökmünde “Çelsiniň” saýtynda 2022-nji ýylda klub satylmazdan ozal täze hojaýynlaryň bolup biljek maliýe we beýleki bozulmalar barada habarly bolandygy aýdylýar. Klub şertnama baglaşylandan soň düzgünleşdiriji edaralara habar berip, resminamalara doly elýeterliligi berendigini we “doly aç-açanlygy” görkezendigini belledi.
Roman Abramowiç “Çelsä” 2003-nji ýyldan 2022-nji ýyl aralygynda eýeçilik etdi. 2022-nji ýylyň maýynda ol ÝB-de we Beýik Britaniýada oňa garşy girizilen sanksiýalardan soň, 4,25 mlrd funt sterlinge amerikaly işewür Todd Býoliniň konsersiumyna satdy. Abramowiçiň ýolbaşçylyk eden döwründe topar 21 kubok, şol sanda Angliýada bäş çempionlyk titulyny, şeýle-de iki Çempionlar ligasyny we Ýewropa ligasyny utdy. 


düýn 23:41
2.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.2k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......