Alymlar 13-14-nji sentýabrda magnit hadysalarynyň bolmagyny çaklaýarlar

  • 13.09.2025 13:03
  • 5.5k+

13-14-nji sentýabrda Ýer ýüzünde G2–G3 derejesindäki (bäş derejeli şkalada ikinji we üçünji dereje) magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasy hem-de Gün–Ýer fizikasynyň Sibir bölüminiň institutynda habar berildi.

Bilermenleriň maglumatyna görä, bu hadysanyň sebäbi Günüň görünýän ýüzünde adatdan daşary uly ekwatorial koronaly deşigiň peýda bolmagydyr. Ol 11-nji sentýabrda Günüň diskiniň merkezinde ýüze çykdy we ýokary tizlikdäki gün şemallary häzirki wagtda Ýere tarap gönükdirildi. Olaryň täsirine ýakyn günlerde garaşylýar.
Sentýabr aýynyň ilkinji günlerinden bäri geomagnit işjeňligi ýokary derejede dowam edýär. Aýyň ilkinji on gününde dünýä derejesinde üç magnit tupany hasaba alyndy — 2-nji, 6-njy we 10-njy sentýabrda. Mysal üçin, 2025-nji ýylyň awgust aýynda diňe bir magnit hadysasy — 8-inden 9-yna geçilýän gije bellige alyndy.


11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...