Finlýandiýada ömrüň has uzak dowam edýän sebiti tapyldy

  • 12.09.2025 18:26
  • 8.2k+

Finlýandiýanyň günbataryndaky şwed dilli Ostrobotniýa sebitinde ortaça ömür dowamlylygy 83,1 ýaşa ýetýär, bu bolsa ýurduň umumymilli görkezijisinden (81,6 ýaş) ýokary we dünýädäki ortaça derejeden (73,1 ýaş) has ýokarydyr. Ylmy gözlegiň netijeleri Journal of Aging Research žurnalynda neşir edildi.

Adamlaryň 100-e çenli ýaşaýan we agyr hroniki keseller bilen seýrek ýüzbe-ýüz bolýan sebitlerini alymlar “mawy zolaklar” diýip atlandyrýar. Şeýle ýerleriň ýaşaýjylary işjeň durmuş ýörelgesine eýerip, pes stress derejesiniň, ýakyn jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň we ýerli önümler bilen iýmitlenmegiň netijesinde öz saglygyny saklaýar.
Abo Akademi uniwersitetinden alymlar Ostrobotniýanyň bu görkezijilere laýyk gelýändigini belleýär.
Ylmy işiň awtorlarynyň biri Sara Akkerman ömür dowamlylygyna dürli sebitlerde güýçli tapawutlanýan medeni we sosial şertleriň hem täsir edýändigini öňe sürýär. Alymlar netijeleri anyklaşdyrmak üçin goşmaça demografiki maglumatlaryň zerurdygyny belledi.
Finlýandiýa eýýäm birnäçe ýyl bäri “BMG-niň durnukly ösüş üçin çözgütler ulgamy” tarapyndan düzülýän dünýäniň iň bagtly ýurtlarynyň reýtinginde öňdebaryjy orny eýeleýär. Bu döwlet hyzmatlarynyň elýeterliligi, iş bilen şahsy durmuşyň arasyndaky deňagramlylyk, tebigata ýakynlyk we deňsizligiň derejesiniň pes bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de, sowuk suwlarda ýaşaýan balyklary we galla önümlerini öz içine alýan däp bolan rasion hem möhüm orun eýeleýär.
Şeýle-de bolsa, sebitiň özünde ömür dowamlylygynyň görkezijileri üýtgäp durýar. Günorta Ostrobotniýada ol ortaçadan pes, ýöne Aland adalarynda ömür dowamlylygy, ýerli durmuş ýörelgesiniň “mawy zolaklaryň” ölçeglerine hemişe laýyk gelmeýändigine garamazdan, has ýokarydyr. 


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......