Gurluşyk çyzgylaryny göni betona geçirýän robot döredildi

  • 13.09.2025 15:43
  • 5.1k+

Amerikanyň Dusty Robotics kompaniýasy sanly gurluşyk çyzgylaryny göni beton plitalara geçirýän FieldPrinter robotyny hödürledi. Tehnologiýa bellikleri has çalt we has takyk ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär, bu köp wagty talap edýän el bilen işlemek zerurlygyny aradan aýyrýar.

Enjamyň işleýiş usuly adaty printere meňzeýär. Robot takyk ýerleşýän ýerini kesgitlemäge we gurluşyk meýdançasynda ugur düzmäge kömek edýän lazer trekerine esaslanýan nawigasiýa ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Dolandyrmak planşet arkaly amala aşyrylýar we çekilen çyzyklaryň hemmesi derrew ekranda görünýär.
Bellik etmek üçin, çalyşmasy we doldurmasy aňsat bolan syýa kartrijler ulanylýar. Reňkli syýalar elementleri: karkasy, elektrik simlerini, howa çalşygyny, sanitar-tehniki enjamlary we beýleki ulgamlary tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýär. FieldPrinter sanly shemalara çalt geçmek üçin böleklere gol çekip we QR kodlaryny ulanyp biler.
Birnäçe robot bir wagtyň özünde işläp, wezipeleri öz aralarynda paýlaşyp biler. Şeýlelik bilen, biri suw geçirijä bellik etse, beýlekisi elektrik aragatnaşygyny belleýär, bu bolsa prosesi çaltlaşdyryp, gurluşygyň takyklygyny ýokarlandyrýar.


şu gün 10:31
124

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

düýn 10:51
907

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......