Renault içinden ýandyrylýan hereketlendirijili täze Clio-ny hödürledi

  • 13.09.2025 15:03
  • 1.4k+

Renault kompaniýasy Mýunhen awtoulag sergisinde altynjy nesil Clio hetçbegini hödürledi. Bu ýyl model 35 ýaşyny doldurýar we ol Ýewropa bazarynda iň geçginli  awtoulaglaryň biri bolmagynda galýar.

Täze nesle geçmek bilen awtoulag içinden ýandyrylýan hereketlendirijisini saklap galdy we gibrid görnüşlerini aldy. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa geljekde doly elektrikli modifikasiýasynyň peýda bolmagyny aradan aýyrmaýar.
Renault kompaniýasynda aýtmaklaryna görä, dizaýnda geçen ýyl hödürlenen Embleme düşünjesiniň çözgütleri ulanylýar. Awtoulagyň uzynlygy 67 mm uzalyp, 4116 mm-e, teker bazasy bolsa 8 mm ulalyp, 2591 mm-e ýetdi. Clio daşyndan Ford-yň we Mazda-nyň käbir ykjam modellerine meňzeýär.
Interýeri egri sanly kokpitli markanyň häzirki zaman elektrik awtoulaglary görnüşinde bezelendir. Multimedia simsiz Android Auto-ny we Apple CarPlay-y goldaýar. Gymmat bahaly bezeg derejelerinde smartfon üçin simsiz zarýad beriş ulgamy, alkantara bezegi we Harmon Kardon ses ulgamy göz öňünde tutulan. Soňkusy fransuz kompozitory multiinstrumentalçy Žan-Mişel Žarre tarapyndan ýörite işlenip düzülen bäş ses profili bilen enjamlaşdyrylandyr.
ADAS sürüjilere kömek ulgamy toplumy, adaptasiýa kruiz dolandyryşyny goşmak bilen, 29-a çenli kömekçini öz içine alýar. Sürüliş stiline baha berýän Safety Score we rulyň başynda wagtyňyz maslahat berýän Safety Coach funksiýalary aýratyn bellendi.
Motor gammasyna ýumşak-gibrid we doly gibrid gurluşlary girdi. 160 at güýji bolan 1,8 litrlik hereketlendirijili flagman E-Tech wersiýasy sagatda 100 km tizlige 8,3 sekuntda çykýar. Şeýle hem, elde geçirilýän ýa-da robotlaşdyrylan korobkaly 115 at güýji bolan 1,2 litrlik hereketlendiriji we propanda işleýän 120 at güýçli Eco-G görnüşi bar. Dizel görnüşleri ýok.

şu gün 21:15
609

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

şu gün 16:05
1.7k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

şu gün 09:56
4.2k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

düýn 12:20
3.4k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....