YONEKEY biznesi ösdürmek üçin toplumlaýyn hyzmaty hödürleýär: müşderi çekmek, satyşy artdyrmak...

  • 12.09.2025 22:05
  • 7.8k+

Biznesiňizi ösdürmek, satyşyňyzy artdyryp, işleriňizi tertibe salmak isleýärsiňizmi?
YONEKEY platformasy munuň üçin toplumlaýyn çözgütleri hödürleýär. Bu hyzmatlar diňe bir uly kompaniýalar üçin däl, eýsem, kiçi we orta telekeçiler üçin hem diýseň amatlydyr.

Biznes hasabyň artykmaçlygy
Öýde oturan ýeriňden telefonyň üsti bilen onlaýn söwda etmeklik - bu günki gün adaty bir ýagdaýa öwrülip barýar. Hut şonuň üçin hem söwdaňy onlaýn gurşawda hem alyp barmaklyk döwrüň talabyna öwrülip barýar. Bu babatda YONEKEY mobil programmasy biznes hasap açmak we onda harytlary professional derejede ýerleşdirmek hyzmatlaryny teklip edýär.
Bu işiň çäklerinde YONEKEY platformasy:

  • Harytlaryňyzy professional derejede surata düşürip berýär;
  • Maglumatlaryny doly we düşnükli görnüşde ýerleşdirýär;
  • Netijede müňlerçe ulanyja müşderiniň harydyny görkezip bolýar.

Bu bolsa satyşyň artmagyna, brendiň tanalmagyna getirýär. Täze müşderi tapmak aňsatlaşýar. Söwda diňe bir dükanyň çäginde däl-de, eýsem, onlaýn ýagdaýda hem gije-gündizleýin alnyp barylýar.
Biznes hasabyň ýene-de bir artykmaçlygy – telekeçiler öz harytlaryny satmak üçin programma ýa-da saýt ýasatmak boýunça uly çykdajy etmän, onlaýn söwda edip başlap bilýärler.

CRM ulgamy müşderiňiz barada maglumatlary bir ýerde jemlemäge kömek edýär
Müşderileriňiz tanaýarsyňyzmy? Olaryň her birini nähili hyzmatyň gerekdigini bilýärsiňizmi? Soňky gezek olar haçan sizden söwda etdiler? – bu maglumatlary bilip, ýerlikli peýdalanmaklyk söwdanyň birnäçe esse artmagyna getirip bilýär.
YONEKEY platformasy telekeçiler üçin ýörite CRM ulgamyny hödürleýär. Bu ulgamda:

  • Ähli müşderiniň maglumatlary bir ýerde saklanýar;
  • Tölegleriň ýagdaýyny görmek bolýar;
  • Haýsy müşderä näme teklip etmeli, ýatda saklaýar;
  • Müşderi bilen gatnaşyk ýitirmeýär.

CRM ulgamyny ornaşdyrmak arkaly telekeçi wagtyny tygşytlaýar, müşderini ýitirmek howpuny azaldýar. Satuwlaryny tertipli we gözegçiiksa saklap, täzeden satyn alyşlary köpeltmek mümkinçiligini artdyrýar. Çünki, müşderi bilen gatnaşygy dolandyrmak – her biznesiň ýüregidir.

Saýt açyp bermek hyzmaty
Häzirki döwürde öz saýty bolmadyk telekeçiler asla ýok diýen ýaly. Saýt diňe maglumat üçin däl, eýsem telekeçiniň abraýy üçin hem örän wajyp.
YONEKEY platformasy telekeçiniň islegi boýunça ýörite we professional derejede saýt taýynlap berýär: Saýt arkaly:

  • harytlary ýa-da hyzmatlary doly görkezip bolýar;
  • onlaýn sargyt we aragatnaşyk mümkinçiligi bolýar;
  • siziň markanyňyz internetde resmi görnüşde tanalýar.

Netijede müşderiler harydyňyzy internet arkaly aňsatlyk bilen tapýar. Reklama çykarmak we täze müşderi tapmak ýeňilleşýär;

Android we iOS üçin mobil programmalary taýýarlap bermek hyzmaty
Mobil telefonlar adamlaryň häzirki wagtda iň işjeň hem köp ulanýan enjamyna öwrüldi. YONEKEY platformasy biznesiňiz üçin ýörite mobil programma taýýarlap bermek hyzmatyny hem hödürleýär.
Netijede,

  • müşderi diňe size degişli programma arkaly hyzmatlaryňyza girýär;
  • programma arkaly ýörite aksiýa, arzanladyş ýa-da täzelik ibermek bolýar;
  • brendiňiz müşderiniň telefonynda hemişelik saklanýar;
  • sizi bazarda bäsdeşleriňizden tapawutlandyrýar.

Dizaýn hyzmatlary
Brendini täzeden üýtgedip gurmak, logotipini täzelemek, umuman, rebrending etmek isleýänler üçin YONEKEY platformasy dizaýn hyzmatlaryny hem hödürleýär.
Logo we brend stili – müşderiniň ilkinji gezek göreninde size bolan garaýşyny kesgitleýär. Hut şonuň üçin hem olary dogry saýlap almak möhümdir.
YONEKEY platformasy:

  • Logo taýýarlaýap bermek hyzmatyny hödürleýär;
  • Markanyň adyny tapmaga kömek edýär;
  • Reňk sazlaşygyny we brend stilini döredip berýär.

Habarlaşmak üçin satuw360.com resmi saýtyna girip habarlaşyp bilersiňiz.


şu gün 11:49
3.3k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....

01.04.2026 18:38
11k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende,......

31.03.2026 12:06
1.6k+

«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär

«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin......

30.03.2026 11:13
12k+

Hepdelik howa maglumaty: aprel aýy ýagyş bilen gelýär

Türkmenistanda aprel aýy temperaturanyň peselmegi bilen başlar. Meteorologiýa gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji aprel gijesinden 2-nji apreliň säherine çenli ýurduň ähli ýerinde ýagşa garaşylýar,......