2027-nji ýylyň Çempionlar ligasynyň finaly Madriddäki “Metropolitano” stadionynda geçiriler

  • 13.09.2025 12:55
  • 6k+

2026/2027 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň finaly Madriddäki “Metropolitano” stadionynda geçiriler. Bu barada Tiranda geçen ýerine ýetiriji komitetiň mejlisiniň jemi boýunça Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) saýtynda habar berilýär.

2027-nji ýylda zenanlar ýaryşynyň finalyny Warşawadaky Milli stadion kabul eder. 2026-njy ýylda UEFA-nyň Superkubogy Zalsburgda, şol ýylyň futzal Çempionlar ligasynyň finaly bolsa Pezaro italýan şäherinde geçiriler.
“Metropolitano” stadiony eýýäm Çempionlar ligasynyň aýgytly oýny üçin meýdança bolupdy. 2019-njy ýylda bu ýerde “Liwerpul” “Tottenhemi” 2:0 hasabynda utup, altynjy gezek Ýewropanyň esasy klub ýaryşynda ýeňiji boldy.
Mundan başga-da, UEFA-nyň ýerine ýetiriji komiteti ýewrokuboklaryň düzgünlerine üýtgeşmeleri tassyklady. Indi klublar agyr şikes ýa-da kesel bolan ýagdaýynda sanawdaky bir meýdan oýunçysyny ýaryşyň esasy tapgyrynyň altynjy oýnuna çenli çalşyp biler.
Guramanyň ýerine ýetiriji komitetiniň indiki ýygnagy 3-nji dekabrda Nýonda (Şweýsariýa) meýilleşdirilýär.


düýn 17:07
7k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
4.6k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
3.8k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.1k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....