ABŞ-da 16,5 müň sözli iňlisçe–türkmençe sözlük neşir edildi

  • 13.09.2025 16:47
  • 5.5k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda «Makul English-Turkmen Dictionary» atly kitap çap edildi. Neşir Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

Sözlük eýýäm Amazon platformasynda satyn almak üçin elýeterlidir. Ol 16 500 iňlis sözüni we olaryň türkmen dilindäki on müňlerçe terjimesini öz içine alýar. Neşire giňden ulanylýan sözler bilen birlikde hukuk, biznes, lukmançylyk, sport, emeli aň ýaly ugurlara degişli ýöriteleşdirilen terminler hem girizildi.
Awtorlaryň pikiriçe, kitap mekdep okuwçylary, talyplar, terjimeçiler, hukukçylar, ykdysadyýetçiler, lukmanlar, IT hünärmenleri we halkara gatnaşyklary pudagynda işleýänler üçin amaly gollanma bolup hyzmat eder. Sözlügiň awtory we baş redaktory hukuk ylymlarynyň doktory Döwran Orazgylyjowdyr.
Neşiriň giriş bölüminde tanymal bilermenleriň teswirleri ýerleşdirildi. ABŞ-nyň Daşary syýasat geňeşiniň Ýewraziýa boýunça alymy we Jons Hopkins uniwersitetiniň professory S.Frederik Starr, sözlügiň «türkmen diliniň halkara derejede mynasyp orun almagyna şert döredýändigini» belläp, ony «diller arasynda möhüm köpri» diýip atlandyrdy.
Amerikan–türkmen işewür geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bolsa: «Açyk aragatnaşyk söwdanyň we maýa goýumlaryň esasydyr. Bu kitap ýurtlarymyzyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder» diýip belledi.


şu gün 20:25
1.9k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

şu gün 16:55
2.9k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

şu gün 00:03
2.7k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
5.8k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......