60 millionda biri: Hytaýda ýaş zenan tebigy göwrelilik bilen bäşem çaga dünýä indirdi

  • 28.02.2026 19:43
  • 17k+

Hytaýyň Uhan şäherinde 26-njy fewralda lukmanlaryň «täsinden täsin» diýlip atlandyran hadysasy bolup geçdi. Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň 24 ýaşly Dili atly ýaşaýjysy birbada bäş çaganyň — dört gyzyň we bir oglanyň enesi boldy. Tebigy göwrelilikde şeýle wakanyň bolmak ähtimallygy örän pes bolup, hünärmenler muny 60 million ýagdaýdan 1 gezek diýip hasaplaýar. Bu barada Global Times habar berýär.

Çagalaryň wagtyndan öň (göwreliligiň 28-nji hepdesinde) dünýä inendigine garamazdan, olaryň ýagdaýy kadaly. Täze doglan bäşemleriň agramy 870 gramdan 1030 grama çenli üýtgeýär. Bu ýagdaýyň ýene bir özboluşlylygy bäş çaganyň hemmesiniň Apgar şkalasy boýunça 6 baldan ýokary bal almagydyr, bu bolsa wagtyndan öň we aşa az agramly doglan çagalar üçin seýrek duş gelýän görkezijidir.

Dogum 20-den gowrak lukmançylyk hünärmeninden ybarat toparyň gatnaşmagynda gyssagly kesar kesimi arkaly geçirildi we bir sagada golaý wagt dowam etdi.

Hadysanyň aýratyn geň galdyrýan ýeri, Dilä ozal göwrede çaganyň galmagyny kynlaşdyrýan we çaga düşme töwekgelçiligini artdyrýan ýumurtgalyklaryň polikistoz sindromy diýen diagnoz goýlupdy.

Emma Sinzýanyň ýerli hassahanasynda bejergi alandan soň, göwrelilik tebigy usulda boldy. Häzirki wagtda ene adaty palatada saglygyny dikeldýär, bäşemler bolsa täze doglan çagalaryň intensiw bejergi bölüminde lukmanlaryň gözegçiliginde saklanýar.


20.06.2026 12:08
6.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......