7-nji gatyň penjiresinden gaçan çagany halas eden özbek ýigidi «Edermenlik» medaly bilen sylaglandy

  • 24.02.2026 23:06
  • 22k+

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Sankt-Peterburgda penjireden aşak gaçan çagany halas eden ildeşi Haýrullo Ibadullaýewi «Jasorat» («Edermenlik») medaly bilen sylaglady. Bu barada döwlet baştutanynyň metbugat sekretary Şerzod Asadow habar berdi. Degişli perman prezidentiň resmi saýtynda çap edildi.

Prezidentiň wekiliniň belleýşine görä, Haýrullo çagany halas eden wagty öz janyna hem-de saglygyna töwekgelçilik edip, hakyky batyrlyk hem pidakärlik görkezdi. Ibadullaýew bu edermenligi bilen özbek halkyna mahsus bolan edermenligi we gahrymançylygy dünýä ýaýdy.
Waka şeýle bolup geçýär: Sankt-Peterburgda alty ýaşly oglanjyk açyk duran penjiräň öňünde planşet oýnap otyrka, köp gatly jaýyň ýedinji gatyndan aşak gaçýar. Muny şol ýerde işläp ýören Haýrullo Ibadullaýew görýär-de, çagany döşüne gapyp, ony ýere ýetmänkä urgyny ýumşadyp ýetişipdir. Gorkan çaga ilkinji kömegi bereninden soň, ol «tiz kömek» gelýänçä ony jaýyň gözegçisine tabşyrýar. Çagany halas etjek bolan wagtynda Haýrullonyň gapyrgalary döwlendigi, oglanjygyň hem aýagyna şikes ýetendigi aýdylýar.

Wakanyň bolan pursadynda oglanjygyň ejesi öýde bolsa-da, oglundan bihabar başga otagda işleri bilen gümra ekeni. Metbugat maglumatlaryna görä, çaga autizmden ejir çekýär.
Haýrullonyň özi - dört çaganyň kakasy. Olar onuň aýaly hem-de garry ene-atasy bilen ýaşaýar.


04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

09.04.2023 15:57
51k+

Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentine enesi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi – Ogulabat Berdimuhamedowanyň...

09.06.2026 07:41
10k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......