Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

  • 09.04.2023 15:57
  • 48k+

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentine enesi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi – Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.

«Ogulabat eje Türkmenistanyň abadançylygyna we ösüşine bimöçber goşant goşan çagalaryny we agtyklaryny terbiýelemäge öz bütin ömrüni we mährini bagyş etdi. Ogulabat eje hakyndaky nurana ýatlamalar biziň ählimiziň kalbynda ebedilik galar.
Size we Siziň maşgala agzalaryňyza, şeýle hem doganlyk türkmen halkyna bu gussaly we agyr günlerde çuňňur gynanjymyzy beýan edýäris.
Beýik Biribardan merhumyň jaýynyň jennet bolmagyny, Size we Siziň ýakynlaryňyza bolsa sabyr-takat dileg edýäris» - diýlip hatda aýdylýar.


05.01.2026 11:44
8.7k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýada bolan pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýanyň Krans-Montana dag-lyža dynç alyş merkezinde bolup geçen pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi. «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža...

03.12.2025 10:07
11k+

Serdar Berdimuhamedow Şri-Lankanyň Prezidentine tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

02.12.2025 11:39
13k+

Türkmenistanyň Prezidenti suw joşgunlaryndan ejir çeken tailandyň halkyna medet beriji sözlerini beýan etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

06.09.2025 10:07
15k+

Serdar Berdimuhamedow Lissabonda bolup geçen pajygaly waka zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza ýurduň Lissabon şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi...