2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howa gözegçilikleriniň taryhynda dördünji iň yssy aý boldy

  • 02.08.2025 17:26
  • 10k+

2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokary galmagy boýunça dördünji aý hökmünde hasaba alyndy — bu bolsa 1891-nji ýyldan bäri alnyp barylýan meteorologik gözegçilikleriň taryhynda rekord görkeziji boldy. Sinoptikleriň beren maglumatyna görä, iýul aýynda ortaça temperatura +33,5° bolup, bu bolsa köpýyllyk klimat derejesinden (+31,6°) 1,9° ýokarydyr.

Aşgabatda diňe 2018-nji (+35,2°), 2019-njy we 2021-nji (+33,7°) ýyllarda şundan ýokary görkezijiler hasaba alnypdy. Şu ýyl bolsa 31 günüň diňe 7-si klimat boýunça ortaça derejesine gabat gelip, galan 24 gününde temperaturasy kadadan ýokary boldy. Iýul aýynda iň ýokary temperatura +43,2°-e ýetdi — bu görkeziji öňki ýyllaryň derejesine gabat gelýär.
Aşgabatda iýul aýy üçin iň ýokary temperatura +46,8°, ýylyň ähli döwri üçin bolsa absolýut rekord +47,2° hökmünde bellidir.
2025-nji ýylyň iýulynda +40° we ondan ýokary temperatura bilen 12 gün hasaba alyndy: olaryň 8-si +40° bilen +41,9° aralygynda, 4-si bolsa +42° bilen +43,2° arasynda boldy.
Hünärmenler Aşgabatda we umuman, Türkmenistanda tomus paslynyň ýylsaýyn yssy geçýändigini belleýärler. 2013-nji ýyldan bäri iýul aýyndaky temperatura yzygiderli klimat normasyndan ýokary bolýar. Hatda 2016-njy ýylda iň “sowuk” diýip hasaplanan iýul aýynda hem ortaça temperatura +32,1° bolup, kadadan ýokarydy.


14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.7k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......