ABŞ-nyň gündogar kenarýakasynda güýçli gar höküm ýöredýär. Boýy bilen gara çümen Nýu-Ýorkuň suratlary

  • 25.02.2026 10:24
  • 15k+

Soňky on ýylyň içinde bolup geçen iň güýçli gar boragany ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda köpçülikleýin elektrik togunyň kesilmegine we ulag gatnawynyň doly togtamagyna getirdi.

Meteorologlaryň berýän maglumatlaryna görä, bu ştatlarda bir gije-gündiziň dowamynda 60 santimetrden köp gar ýagdy. Rod-Aýlend ştatynda iň uly gar üýşmekleri 96 santimetre deň boldy.
Nýu-Ýorkuň dürli sebitlerinde garyň galyňlygy 50-den 80 santimetre çenli ýetýär. Güýçli gar sebitde iki müňden gowrak uçuşyň ýatyrylmagyna, käbir şäherlerde bolsa jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnawynyň ymykly bes edilmegine sebäp boldy. Tebigy hadysa sebäpli 600 müňden gowrak adam elektrik üpjünçiliginden mahrum galdy. Boragandan iň köp zyýan çeken sebit Massaçusets ştaty boldy.

Gar boraganynyň iň güýçlenen pursatynda ABŞ-nyň iň uly şäheriniň görnüşi:

Nýu-Ýork gazna biržasynyň öňünde, 23-nji fewral, 2026-njy ýyl

Manhetteniň aşaky Ist-Saýd etraby. 23-nji fewral, 2026-njy ýyl

Nýu-Ýorkuň Merkezi seýilgähindäki howuzda ördekler, 23-nji fewral, 2026-njy ýyl

Ist-Saýd etraby,  23-nji fewral, 2026-njy ýyl

Eli pilli bruklin ýaşaýjysy, 23-nji fewral, 2026-njy ýyl

Taýms-skwerde öz ýasan suw geçirmeýän aýakgabyndaky nýu-ýorkly, 23-nji fewral, 2026-njy ýyl


şu gün 07:41
5.7k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

şu gün 07:40
4.6k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
7.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....