Serdar Berdimuhamedow Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumyny açdy

  • 13.09.2025 08:54
  • 17k+

12-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumyny açdy.

Döwlet Baştutany Aşgabadyň Halkara howa menzilinden dikuçar arkaly Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumyna bardy. Toplumda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.
Döwrebap serhet birikmesiniň täze binalar toplumy dolandyryş binasyndan, nyzam meýdançasyndan, naharhanadan, 300 orunlyk medeniýet öýünden, esgerler ýatakhanasyndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, sport we sagaldyş toplumyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, gulluk, durmuş maksatly binalardan ybarat.
Serdar Berdimuhamedow birikmäniň dolandyryş binasyna baryp, döredilen şertler bilen tanyşdy. Şeýle hem Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Türkmenistanyň Prezidentine serhetçileriň adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.
Şeýle hem döwlet Baştutany esgerler ýatakhanasyna baryp gördi. Harby düzümleriň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby tehnikalar bilen tanyşdy.
Soňra döwlet Baştutany toplumyň çägindäki harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna baryp gördi.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň çäginde jemi 144 hojalyga niýetlenen 4 sany, 36 öýli döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, dükan, oýun we sport meýdançasy göz öňünde tutulypdyr. Döwlet Baştutany täze jaýa göçüp gelen harby gullukçy we onuň maşgala agzalary bilen söhbetdeş bolup, döredilen şertler bilen gyzyklandy we maşgala agzalaryna sowgatlary gowşurdy. Olar ýagşy däp-dessurlara eýerip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza toý düwünçegini gowşurdylar.
Toplumyň çäklerinde lukmançylyk merkezi, söwda nokady hereket edýär.
Soňra döwlet Baştutany Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.


şu gün 07:42
107

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......