Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

  • 12.09.2025 18:38
  • 4.4k+

11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Tea Jugeli bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda ilçi rektory täze wezipä bellenmegi bilen gyzgyn gutlap, onuň ýolbaşçylygynda ýokary okuw mekdebiniň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Ol Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy bilen uniwersitetiň arasyndaky däp bolan ysnyşykly hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň ähmiýetini belläp, bilim, ylym we medeni ugurlardaky bilelikdäki başlangyçlaryň baý tejribesini nygtap geçdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň gol çekmek meselesine, şeýle hem iki ýurduň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň we akademiki toparlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkemegine itergi berjek uniwersitetleriň rektory derejesinde ikitaraplaýyn saparlary gurnamagyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.
Öz gezeginde rektor bilelikdäki akademiki we medeni taslamalary ösdürmek hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly başlangyçlary işjeň goldamaga hemişe taýýardygyny beýan etdi.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......