Oracle bilen OpenAI 300 mlrd dollarlyk “töwekgelçilikli” şertnama baglaşdy

  • 12.09.2025 17:54
  • 1.8k+

Oracle amerikan korporasiýasy OpenAI kompaniýasy bilen 300 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy diýip, The Wall Street Journal ýazýar. Şertnama bäş ýyla niýetlenýär we ABŞ-nyň çäklerinde 4,5 GWt kuwwatly maglumat merkezleriniň kärendesini göz öňünde tutýar.

Neşiriň maglumatlaryna görä, energiýanyň şeýle möçberi 4 mln töweregi öýüň sarp edişi bilen deňeşdirilýär. Şertnama 2027-nji ýylda güýje girer. Neşir ony “töwekgelçilikli iş” diýip atlandyrýar.
Materialda OpenAI-iň her ýyl 60 mlrd dollar tölemeli boljakdygy aýdylýar. Ýöne kompaniýanyň häzirki girdejisi ýylda 10 mlrd dollara barabar. Oracle hem, öz gezeginde, geljekki girdejisiniň esli bölegini bir müşderi bilen baglanyşdyrýar. Şertnamanyň şertlerini berjaý etmek üçin kompaniýa karz alyp, täze maglumat merkezlerini işe girizmeli bolar.
Şertnamanyň öňüsyrasy Oracle çärýek görkezijileriniň ýokarlanandygy barada hasabat berdi. Kompaniýanyň paýnamalary bir günde 39,7% ýokarlandy. Korporasiýany esaslandyryjy Larri Ellisonyň baýlygy bir günde 101 mlrd dollar artyp, 393 mlrd dollara ýetdi. Kapital derejesi boýunça ol telekeçi Ilon Maskdan öňe geçdi.


31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
988

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......