“Da Winçiniň kodunyň” awtory Den Braun birbada 16 dilde täze kitap çykardy

  • 13.09.2025 15:01
  • 1.6k+

Amerikaly ýazyjy Den Braun “Syrlaryň syry” (The Secret of Secrets) atly täze romany bilen tanyşdyrdy. Bu onuň dokuz ýyldan soň ilkinji kitabydyr. Eseriň göwrümi takmynan 700 sahypa bolup, ol birbada 16 dilde neşir edilip, satuwa çykdy.

The New York Times gazetiniň habaryna görä, roman professor Robert Lengdon baradaky hekaýaty dowam etdirýär. Bu gezek wakalar Praga şäherinde ýaýbaňlanýar, bu ýerde gahryman syrly guramanyň nyşanasyna öwrülen neýrobiolog söýgülisini halas etmäge synanyşýar.
“Syrlaryň syry” Braunyň sekizinji romanydyr. Kitap boýunça serial çykarmagy meýilleşdirýän Netflix kompaniýasy eser entek neşir edilmänkä ony enranlaşdyrmak hukugyna eýe boldy.
Ondan öň “Da Winçiniň kody”, “Perişdeler we  şeýtanlar” we “Inferno” romanlaryna esaslanýan filmler surata düşürilipdi, olarda professor Lengdonyň keşbini Tom Henks ýerine ýetiripdi.
“Da Winçiniň kodunyň” üstünliginden soň, Den Braunyň eserleriniň 250 milliondan gowrak nusgasy satyldy we 56 dile terjime edildi.

şu gün 11:17
2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
621

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
897

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......