OpenAI emeli aňyň kömegi bilen doly metražly multfilm döreder we ony Kannda görkezer

  • 13.09.2025 14:59
  • 1.9k+

OpenAI-yň döredijilik hünärmeni Çad Nelson özüniň gysga metražly “Ownuk jandarlar” multfilmini doly metražly multfilme öwrer.  Taslama DALL-E 2 neýroulgamynyň kömegi bilen döredildi diýip, The Wall Street Journal ýazýar.

Geljekki wersiýanyň ilkinji görkezilişini 2026-njy ýylyň maý aýynda Kann film festiwalynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Multfilmiň ýordumy jadyly tokaýdaky obasyna syrly bir nätanyş adam gelenden soň, syýahata çykan üýtgeşik jandarlar hakda gürrüň berýär.
Filmi 30 million dollara ýetmeýän býujet bilen dokuz aýyň içinde surata düşürip tamamlamak meýilleşdirilýär. Adatça, doly göwrümli multfilmi öndürmek üçin üç ýyl wagt we 100 million dollar töweregi serişde gerek bolýar.
Ssenariniň üstünde “Paddingtonyň başdan geçirenleri 3-iň" awtorlary Mark Berton, Jon Foster we Jeýms Lamont işleýär. Häzirki wagtda ses berjek aktýorlary seçip almak işleri dowam edýär.
Animasiýada emeli aňyň ulanylmagy jedelli meselesi bolup galýar. Disney ozal şuňa meňzeş wariantlary göz öňünde tutupdy, ýöne olary ret edipdi.
Mysal üçin, “Moana” döredilende Dueýn Jonsonyň dipfeýkini ulanmak meýilleşdirilipdi: bedeni doganoglany Tanoai Rid oýnamalydy, ýüzi bolsa Metaphysic neýroulgamy tarapyndan döredilmelidi. Awtorlyk hukugy töwekgelçiligi sebäpli, düşürilen kadrlar soňky wersiýa girizilmedi.
“Tron: Ares” filminde Disney Bit atly sanly gahrymanyň replikasy üçin AI-ni ulanmak isledi, ýöne abraýdan gaçmak töwekgelçiligi sebäpli bu pikirden ýüz öwürdi.


şu gün 11:31
988

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.6k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
14k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....