Kalimantan adasynda meteoritden galan gadymy palta tapyldy

  • 13.09.2025 15:41
  • 5.1k+

Kalimantan adasynyň Indoneziýa böleginde ýerleşýän Paau obasynda çen bilen bürünç eýýamyna degişli seýrek guýguç şekilli palta tapyldy. Onuň ýaşy takmynan 3000 ýyl töweregi.

Radar Banjarmasin gazetiniň habaryna görä, bu artefakt 1983-nji ýylda ýerli ýaşaýjy tarapyndan altyn gözleýän mahaly tötänleýin tapyldy we  jemgyýetçilige indi mälim boldy. Paau - uzakda ýerleşýän 600 töweregi ilatly kiçijik obadyr. Oňa diňe gaýykly baryp bolýar.
Tapyndyny ýerli mifler bilen baglanyşdyrýarlar: bu ýerdäki adamlar şular ýaly zatlaryň ýyldyrym çakandan soň peýda bolýandygyna ynanýardylar. Şeýle-de bolsa, alymlar paltanyň eredilen meteorit jynsyndan ýasalandygyny çak edýärler.
Paltanyň niýetlenen maksady esasan simwolik bolupdyr. Artefaktyň çylşyrymly formasy we çaklaň ölçegi onuň status funksiýasyny görkezýär, bu bolsa ony hojalykda ulanmaga ýaramsyz edýär.
Häzir obýekt onuň hakykylygyny tassyklamak üçin goşmaça barlaglaryň geçirilmegini talap edýär. Eger onuň hakykydygy anyklanylsa, Kalimantanyň gadymy ýaşaýjylarynyň bürünç eýýamynda eýýäm metaly işläp bejermegiň usullaryny bilendigini subut eder. Şeýle tapyndy sebitiň geçmişi barada täze bilimleri berip biler.


07.05.2026 09:20
5.8k+

Indoneziýanyň asmanynda peýda bolan adaty bolmadyk reňbe-reň bulut ýollarda ulaglaryň hereketini togtatdy

Indoneziýada dynç günleri adamlara seýrek duş gelýän reňbe-reň buludy synlamak miýesser etdi, bu bolsa Jonggol sebitinde ulaglaryň gatnawynyň wagtlaýynça togtamagyna sebäp boldy....

20.04.2026 16:24
6.2k+

Argentinada magellan pingwinleri eko-detektiwlere öwrüldi

Alymlar Patagoniýadaky magellan pingwinleriniň aýaklaryna ýumşak silikon bilezikleri dakdylar, bu bolsa ummanyň senagat taýdan "hemişelik himiki maddalar" bilen hapalanmagy barada maglumat toplamaga......

30.03.2026 17:05
11k+

Bagt puldamy? Alymlar muňa «ýok» diýmedi

Häzirki döwürde adam üçin puluň ähmiýeti soňky 30–50 ýyldakyndan has ýokarlanypdyr. Kaliforniýa ştatyndaky uniwersitetiň professory Jin Twenge tarapyndan geçirilen täze barlaglar şeýle netijäni orta çykardy....

24.01.2026 09:44
2k+

Indoneziýada dünýäde iň gadymy gaýa suratlary tapyldy

Halkara alymlar topary Indoneziýadaky gowakda gaýanyň ýüzüne çekilen we ýaşy, takmynan, 68 müň ýyla barabar bolan suratlary tapdy. Bu olary ilkidurmuş sungatynyň mälim bolan suratlarynyň iň gadymy nusgasyna öwürýär diýip, Nature žurnaly habar berýär...