Bagt puldamy? Alymlar muňa «ýok» diýmedi

  • 30.03.2026 17:05
  • 11k+

Häzirki döwürde adam üçin puluň ähmiýeti soňky 30–50 ýyldakyndan has ýokarlanypdyr. Kaliforniýa ştatyndaky uniwersitetiň professory Jin Twenge tarapyndan geçirilen täze barlaglar şeýle netijäni orta çykardy.

Bu ýerde gürrüň diňe bir zat satyn almak ýa-da göwün açmak barada däl-de, eýsem adamyň durmuşyndan razylygyny artdyrýan howpsuzlyk duýgusy we ýaşaýyş kynçylyklaryny çözmek mümkinçiligi barada gidýär.

Degişli barlagda1972-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli 30 ýaşdan uly 40 müňe golaý amerikalynyň maglumatlary seljerildi. Netijede, girdeji näçe ýokary bolsa, durmuşyň şonça şowludygy baradaky duýgynyň güýçlenýändigi ýüze çykaryldy. Ozalky barlaglarda puluň bagta täsirini bes edýän nokady bar diýilse-de, täze barlagda beýle çäklenme tapylmady.

Professor Twenge bu hakda şeýle diýýär:

– Biz bagtly bolmak meýillerine synp we girdeji nukdaýnazaryndan seretdik. 1970-nji ýyllardan 2010-njy ýyllara çenli girdejä görä bagtlylygyň arasyndaky tapawut yzygiderli ösdi. Hatda ýylda 160 müň dollardan köp gazanýanlar, 115–160 müň dollar aralygynda gazanýanlardan has bagtly boldular.

Barlagçylar munuň sebäplerini jemgyýetdäki parhyň artmagy, jaý, bilim we medisina ýaly esasy zerurlyklaryň öňkiden has gymmatlamagy bilen baglanyşdyrýarlar. 

Garward uniwersitetiniň professory Jon Ýahimowiç bu hakda: «Pul — bu howpsuzlyk guralydyr. Ýadanyňda iýmit sargyt edip bilýärsiň, keselleseň lukmana gidýärsiň, gelen hasaplar hem seni asla heläk etmeýär» diýip belleýär.

Diňe bir girdejiniň möçberi däl, eýsem işdeşleriňden has köp gazanmak hem adama ruhy kanagatlanma getirýär. Puluň bar bolsa, kynçylyklardan has gowy goranýarsyň. Pes girdejili adamlar bolsa has köp keselleýärler we streslere duçar bolýarlar.

Şu ýerde ýene-de bir gyzykly jikme-jikligiň üsti açyldy. Asyl adam üçin diňe bir uly girdejiniň däl, eýsem ätiýaçlykda saklanýan puluň – süýşürintginiň täsiri-de uly ekeni. Hatda bank hasabyňda 500 dollaryň bardygy-da durmuşdan razylygy 15% artdyryp bilýär. Netijede «pula satyn alynýan bagt» diýlen düşünje diňe bir tüçjar baýlara däl, eýsem pul tygşytlamagy başarýanlara hem degişli bolup çykýar.


şu gün 20:25
1.9k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

şu gün 16:55
2.9k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

düýn 23:56
5.8k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.2k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......