Indoneziýanyň asmanynda peýda bolan adaty bolmadyk reňbe-reň bulut ýollarda ulaglaryň hereketini togtatdy

  • 07.05.2026 09:20
  • 5.9k+

Indoneziýada dynç günleri adamlara seýrek duş gelýän reňbe-reň buludy synlamak miýesser etdi, bu bolsa Jonggol sebitinde ulaglaryň gatnawynyň wagtlaýynça togtamagyna sebäp boldy.

Bu hadysanyň wideosy internetde çalt ýaýrady. The Weather Channel teleýaýlymy ulanyjy Sipa4502 tarapyndan goýlan wideolary çap etdi we olar umumylykda 57 milliona golaý tomaşa gazandy. Käbir ulanyjylar, hatda wideo emeli aň arkaly döredilendir diýip çakladylar. Şeýle-de bolsa, wideo hakyky bolara çemeli. Älemgoşar öwüsýän bulutlar adatça köp duş gelýär, ýöne buludyň şeýle owadan, älemgoşar ýaly öwşün atmasy örän seýrek hadysa.

"Wideoda görýän zadymyz atmosfera optikasy bilen baglanyşykly adaty atmosfera hadysasydyr" - diýip, BMKG agentliginiň jemgyýetçilik meteorologiýasy boýunça direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ida Pramuwardani düşündirdi.

Onuň sözlerine görä, bu täsir Gün şöhlesiniň howadaky suw damjalary bilen özara täsirleşmegi netijesinde — ýagyşdan soň ýa-da golaýdaky ýagyş ýagýan ýerlerde ýüze çykýar. Wideoda älemgoşary bölekleýin ýapýan we wizual effekti güýçlendirýän topak bulut hem görünýär.

Meteorolog bu hadysanyň howpsuzdygyny nygtady. Bu bulutlaryň emele gelýändigini we ýakyn wagtda şol bölek ýerde ýagyş ýagmagynyň mümkindigini görkezip biler.


düýn 20:25
4.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

13.06.2026 08:06
2.3k+

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....

11.06.2026 12:12
8.4k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

10.06.2026 11:13
9.3k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......