Figure 02 gumanoid roboty gap-gaç ýuwmagy öwrendi

  • 13.09.2025 15:48
  • 4.1k+

Kaliforniýanyň Figure startapy uniwersal Helix AI emeli aň modeli täzeledi, munuň netijesinde Figure 02 gumanoid roboty täze başarnygy - gap-gaç ýuwýan maşyna gap-gaçlary seresaplylyk bilen ýerleşdirmegi öwrendi. Işläp düzüjilere  aýratyn algoritmleri döretmek gerek bolmady: robot bar bolan modeliň mümkinçiliklerini giňeldip, täze maglumatlar boýunça tälim aldy.

Figure 02 indi edil adam ýaly seresaplylyk bilen hereket edýär, tabaklary we bulgurlary maşynyň içine gyradeň ýerleşdirýär. Esasy kynçylyk döwülegen zatlary dogry tutup, olary zeper  ýetmez ýaly ýerleşdirmekdi. Helix AI-iň kömegi bilen robot hereketleriniň dürslügini ýokarlandyrýar we gap-gaç nädogry goýlan halatynda olaryň ýerleşişini özbaşdak düzedip bilýär.
Ozal her täze wezipe aýratyn programmany talap edýärdi. Uniwersal Helix AI modeli robotyň adamyň hereketlerine syn edip, öwrenmegine mümkinçilik berýär. Şeýlelik bilen, Figure 02 eýýäm beýleki hojalyk işlerini - süpürgiçleri eplemekden başlap, konweýerdäki zatlary sortlamaklyga çenli ýerine ýetirmegi öwrendi.
2025-nji ýylyň fewral aýynda Figure Helix AI-i robotyň hereketlerine gözegçilik etmek üçin ähliumumy gural hökmünde hödürledi. Şondan bäri Figure 02 yzygiderli ýagdaýda täze hünärleri ele alýar. Iýul aýynda kompaniýa kir ýuwujy maşyna eşik salýan roboty görkezdi. Indi robotlaryň mümkinçilikleriniň sanawyna gap-gaçlar bilen iş salyşmak başarnygy hem goşuldy we ony öýde hakyky kömekçi bolmaklyga hasam golaýlaşdyrdy. 


düýn 18:51
3.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....