Xiaomi Hytaýyň iň uly elektromobil öndürijileriniň onlugyna girdi

  • 13.09.2025 13:07
  • 4.6k+

Hytaýyň ýeňil awtomobil öndürijileriniň assosiasiýasynyň (CPCA) maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň awgustynda Xiaomi Auto 36 396 awtomobil satdy. Bu bir aý ozalkydan 19,5% we geçen ýylyň awgust aýyndakydan 177,6% köpdür.

Kompaniýanyň üpjünçiligi yzygider ikinji aý 30 000 birlikden geçdi. Awgust aýynda 19 848 sany Xiaomi SU7 awtomobili ýola goýuldy. Bu görkeziji iýuldaky 24 410 birlikden 18,69% az, ýöne geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 51,38% köpdür. SU7 awgustda Xiaomi Auto-nyň umumy üpjünçiliginiň 54,53%-ini emele getirdi.
YU7 awtomobillerinden 16 548 birlik satyldy, bu iýuldaky 6 042 birlikden 173,88% köpdür. YU7 awgustda umumy üpjünçiligiň 45,47%-ini emele getirdi.
YU7 awtomobilleri bilen üpjünçiligiň ösüşi Xiaomi Auto-nyň Hytaýda iň uly elektromobil öndürijileriniň ilkinji onlugyna girmeginde möhüm rol oýnady. CPCA-nyň hasabatyna görä, awgustda Xiaomi Auto 3,3% paý bilen HHR-iň elektromobil bazarynda 10-njy orny eýeledi.


26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......