Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty öz işine başlady

  • 13.09.2025 12:47
  • 2.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna gatnaşyjylara gutlag iberdi. 

Döwlet Baştutany gutlagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahatyň "agzybirligimizi, jebisligimizi hem-de doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmakda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynanýandygyny" aýtdy.

"Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleri netijesinde Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň sütünlerini berkitmekde ägirt uly işler amala aşyrylyp, eziz Watanymyz syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän döwletleriň biri hökmünde ykrar edilip, parahatçylygyň, dostlugyň, bagtyýarlygyň ýurduna öwrüldi" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.

Döwlet Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideriniň umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryny, döredijilikli syýasatymyzy, müňýyllyklardan gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, dostluk, bitaraplyk, ynsanperwerlik ýörelgelerimizi Ýer ýüzünde dabaralandyrmak, eziz Watanymyzyň köpugurly ösüşlerine goşant goşmak, doganlyk gatnaşyklary ösdürmek babatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň we bu guramanyň watansöýüjiligi baýdak edinen agzalarynyň alyp barýan işleriniň guwandyryjydygyny belläp geçdi.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......