ABŞ-da Tesla elektromobilleriniň paýy 38%-e çenli azaldy. Bu 2017-nji ýyldan bäri iň ýaramaz görkeziji

  • 12.09.2025 18:15
  • 3.3k+

2025-nji ýylyň awgustynda ABŞ-nyň elektromobil bazarynda Tesla-nyň paýy 38%-e çenli azaldy. Reuters tarapyndan hödürlenen Cox Automotive kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, bu kompaniýanyň görkezijileriniň 2017-nji ýylyň oktýabryndan bäri ilkinji gezek 40%-den aşak düşmegi boldy. Iň ýokary derejesinde Tesla-nyň paýy hatda 80%-den geçipdi.

Bilermenler bu pese gaçyşy alyjylaryň bäsdeşleriň täze modellerine geçmegi, Tesla-nyň özüniň bolsa has elýeterli elektromobilleri çykarmagyň deregine robotaksileri we adam şekilli robotlary döretmäge üns berýändigi bilen baglanyşdyrýar.
Diwersifikasiýalaşdyrmak barada aýdylanlara garamazdan, awtomobil önümçiligi Tesla-nyň esasy girdeji çeşmesi bolmagynda galýar. Ilon Maskyň kompaniýasynyň soňky täze modeli 2023-nji ýylda hödürlenen Cybertruck pikapy bolupdy. Ýöne ol Model 3 we Model Y ulaglarynyň üstünligini gaýtalap bilmedi. Model Y-nyň täzelenen wersiýasy hem garaşylan netijäni bermedi, kompaniýa iki ýyl bäri satuwyň pese gaçýandygyny görkezýär.

“Men olaryň özüni robototehnika we emeli aň bilen meşgullanýan kompaniýa hökmünde görkezýändigini bilýärin. Ýöne eger siz awtomobil kompaniýasy bolsaňyz we täze önümleriňiz ýok bolsa, siziň paýyňyz azalyp başlaýar” – diýip, Cox-yň pudak seljermesi boýunça müdiri Stefani Waldes Striti belledi.

Cox-yň maglumatlaryna görä, iýulda Tesla-nyň paýy iýundaky 48,7%-den 42%-e çenli peseldi. Bu 2021-nji ýylyň martyndan bäri iň düýpli pese gaçyş boldy. 


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....