ABŞ-da ilkinji gezek hemra bilen uçup barýan uçaryň arasynda lazer aragatnaşygyny barlap gördüler

  • 13.09.2025 15:46
  • 6.8k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlary ilkinji gezek uçup barýan uçar bilen Ýeriň pes orbitasyndaky emeli hemranyň arasynda lazer aragatnaşyk ulgamynyň synaglaryny geçirdi. Synag wagtynda 1 Gbit/s çenli maglumat geçiriş tizligi bilen durnukly aragatnaşygy üpjün etmek başartdy.

Synaglar General Atomics Electromagnetic Systems (GA-EMS) kompaniýasynyň gatnaşmagynda geçirildi. Lazer aragatnaşyk ulgamy De Havilland Canada DHC-6 Twin Otter uçaryna oturdyldy, kabul ediş bolsa Kepler Communications kompaniýasynyň emeli hemrasy tarapyndan amala aşyryldy.
Uçarda SDA Warfighter harby arhitekturasynyň çäginde işlenip düzülen optiki aragatnaşyk terminaly (OCT) ulanyldy. Terminal 10,5 wattlyk lazer bilen enjamlaşdyrylyp, 2,5 Gbit / sek nazary tizlikde 5500 km-e çenli maglumat iberip bilýär. Synag wagtynda tizlik 1 Gb/s-a ýetdi.
GA-EMS-iň prezidenti Skott Forni köp mukdarda maglumat iberilende radio aragatnaşygynyň çäklenmelere sezewar bolýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, OCT ulgamy bu kemçilikleriň öwezini dolýar. Terminalyň işleýiş usuly aşakdaky ýaly suratlandyrylýar: ol gönükdirilýär, hemrany gurşap alýar, aragatnaşygy saklaýar we durnukly beýgelýän hem-de peselýän aragatnaşygyny üpjün edip, maglumatlary iki tarapa hem iberýär.
Işläp düzüjiler täze tehnologiýanyň bar bolan aragatnaşyk ulgamlaryndaky ýetmezleriň üstüni dolduryp, taktiki hem-de amaly wezipeleri ýerine ýetirmek üçin maglumatlaryň ygtybarly geçirilmegini üpjün edip biljekdigine ynanýarlar.


11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....