Alýaskadaky derýa baky doňaklygyň eremegi sebäpli mämişi reňke boýaldy

  • 13.09.2025 15:05
  • 7.8k+

Bir wagtlar arassa suwy bilen tanalýan Alýaskanyň demirgazyk-günbataryndaky Salmon derýasy soňky ýyllarda ep-esli üýtgedi. 1977-nji ýylda ýazyjy Jon Makfi ony "meniň öňde-soňda gören iň arassa suwum" diýip häsiýetlendirdi. Emma 2019-njy ýyldan başlap suw mämişi-sary öwüsdi we häzirki wagtda zäherli senagat akabasyna meňzeýär.

Proceedings of the National Science Academy žurnalynda çap edilen täze barlagyň netijesine görä, derýada we onuň goşantlarynda suw jandarlary üçin howply metallaryň bardygy bellige alynýar. Alymlar muny demriň we beýleki elementleriň bölünip çykarmagyna getirýän baky doňaklygyň eremegi, şeýle hem dag jynslaryndan metallary eredýän kükürt kislotasynyň emele gelmegi bilen baglanyşdyrýarlar.
Ankorijedäki Alýaska uniwersitetiniň ekology Peddi Salliwan ösümlikleri öldürýän kislotaly suwuň suw howdanlaryna akýan 500-den gowrak ýerini tapdy.
Alym: "Bu ýanyk ýara yzyndan syrykýan lawa meňzeýär" – diýip belledi.
2022–2023-nji ýyllarda Salmonda we onuň onlarça goşandynda toplanan suw nusgalarynyň synaglary zäherli metallaryň derejesiniň kadadan ýokarydygyny  görkezdi. Derýanyň bir böleginde demriň, alýuminiň, kadmiýiň, misiň, nikeliň we sinkiň derejeleri on ýyl ozalkydan 3–37 esse ýokary bolup çykdy.
Hek jynslary kislotany bölekleýin zyýansyzlandyrsa-da, alymlar metallaryň ekoulgama täsir edýändiginiň alamatlaryny gördüler. Demriň we alýuminiň derejesiniň ýokary bolan ýerlerinde balyk üçin iýmit bolup hyzmat edýän suw mör-möjekleriniň liçinkalary ýok diýen ýaly. Sulliwan munuň 2023-nji ýylda azalmaga başlan losos populýasiýasyna täsir edip biljekdigini aýdyp alada bildirýär.
Şol bir wagtyň özünde, hünärmenler Arktika derýalarynyň ozalky ýagdaýy barada maglumatlaryň azdygy bolup geçýän üýtgeşmeleriň gerimine baha bermegi kynlaşdyrýandygyny bellediler.


19.06.2026 10:08
3.2k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.7k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....