Çalık Holding TIF 2025 forumynyň baş hemaýatkäri bolar

  • 12.09.2025 17:37
  • 3.8k+

Türkiýäniň iri kompaniýalar topary bolan Çalık Holding Türkmenistanyň maýa goýum forumy – 2025-iň baş hemaýatkäri bolar. Forumyň altyn hemaýatkäri hökmünde bolsa "Eziz Doganlar" hojalyk jemgyýeti çykyş eder.

Forum 2025-nji ýylyň 18–19-njy sentýabrynda Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» sport toplumynyň konferensiýa merkezinde geçiriler. Dabara Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi tarapyndan guralar.
Çalık Holding 1981-nji ýylda Ahmet Çalyk tarapyndan esaslandyrylyp, häzirki wagtda energetika, gurluşyk, magdan senagaty, dokma we maliýe ýaly ugurlarda dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunyň bazarynda üstünlikli işleýär. Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri holding ýerli taslamalara degişli kärhanalary – Gap İnşaat, Çalık Enerji we GAP CLK Worldwide arkaly işjeň gatnaşýar.
Gap İnşaat Türkmenistanyň iri infrastruktura taslamalarynyň birnäçesini amala aşyrdy. Olaryň arasynda «Garabogazkarbamid» zawodyny, Türkmenbaşy halkara deňiz portuny, şeýle hem Aşgabatdaky döwrebap lukmançylyk merkezlerini görkezmek bolar.
Çalık Enerji gaýtadan dikeldilýän energiýa we sanlylaşdyrma boýunça taslamalary durmuşa geçirýär. Şolaryň arasynda Gyýanly bug-gaz elektrik stansiýasy, «Şatlyk-1» gaz gysyjy stansiýasy we Türkmenistan–Owganystan–Pakistan elektrik geçiriji ulgamy bar.

Holding TIF 2025-de öz üstünliklerini we maýa goýum tekliplerini görkezmegi meýilleşdirýär.
"Eziz Doganlar" HJ bolsa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasydyr. Bu kompaniýa iri taslamalaryň ençemesinde gatnaşypdy. 2025-nji ýylyň mart aýynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda täze «Bäherden» keramiki önümler kärhanasy ulanylmaga berildi.
Gysga wagtyň içinde kärhana doly güýjünde işe girizilip, ýurdumyzyň gurluşyk desgalaryny we ilatyny zerur önümler bilen üpjün edip başlady.


düýn 20:55
1.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......