Jaguar Land Rover güýçli kiberhüjüm sebäpli günde 5 mln funt sterling ýitirýär

  • 12.09.2025 17:52
  • 2.7k+

Britaniýanyň Jaguar Land Rover awtoöndürijisi awgustyň ahyrynda bolan kiberhüjümden soň işini doly dikeldip bilenok. Kompaniýa hakerleriň käbir maglumatlara elýeterli bolandygyny habar berdi diýip, Bloomberg we BBC ýazýar.

BBC-niň maglumatlaryna görä, zawodlaryň işlemän durmagy sebäpli JLR-iň gündelik ýitgisi, takmynan, 5 mln funt sterlinge barabar. Şeýle hasaplary Land Rover-iň öňki baş inženeri Çarlz Tennant hödürledi. Ol günde ortaça 75 mln funt dolanyşykda kompaniýanyň Solihalldaky, Heýlwuddaky we Wulwerhemptondaky zawodlaryň durmagy, şeýle-de Slowakiýadaky, Hytaýdaky we Hindistandaky zawodlaryň işindäki bökdençlikler sebäpli uly puldan mahrum bolýandygyny aýtdy.  
Ilkibaşda kompaniýa önümçilik ulgamlarynyň işine zyýan ýetse-de, hakerleriň möhüm maglumatlary alyp bilmändigini aýtdy. Bir ýarym hepdeden soň JLR Beýik Britaniýanyň maglumatlar boýunça komissar edarasyna hakerleriň käbir maglumatlara elýeterli bolandygy barada habar berdi. Syzma maglumatlaryň takyk göwrümi entek belli däl.
Kiberhüjümiň derňelmegi dowam edýär. Hüjümiň bolandygy baradaky fakt tassyklanandan soň, Jaguar Land Rover-iň eýesi Tata Motors hindi konserniniň paýnamalary 1% arzanlady. 


şu gün 21:15
609

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

şu gün 16:05
1.7k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

şu gün 09:56
4.2k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

düýn 12:20
3.4k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....