Albaniýada dünýäde ilkinji gezek ministriň wezipesini emeli aňa ynandylar

  • 13.09.2025 13:16
  • 9.6k+

Albaniýa dünýäde ilkinji bolup ministr derejesindäki wezipäni emeli aňa ynanýan ýurt boldy. Bu barada Politico neşiri habar berdi.

Täze modeliň ady Diella diýlip atlandyrylýar. Albaniýanyň premýer-ministri Edi Rama ol barada: «Bu hökümet agzasy fiziki taýdan ýok, emma emeli aň esasynda wirtual görnüşde döredildi» diýip aýtdy.
Diellanyň esasy wezipesi döwlet satyn alyşlaryny gözegçilikde saklamakdyr. Ol tenderler boýunça kararlary kabul eder. Şeýle etmek arkaly ýurt şertnamalaryň açyklygyny üpjün etmegi we korrupsiýa töwekgelçiligini azaltmagy meýilleşdirilýär.
Onuň işini goldamak üçin emeli aňy döwlet edaralaryna ornaşdyrmak bilen meşgullanýan ýörite bölümi döretdiler.
Mundan ozal Diella raýatlara döwlet hyzmatlaryny hödürleýän e-Albania portalynyň wirtual kömekçisi hökmünde ulanylýardy.
Albaniýa emeli aňy döwlet dolandyryşynda öň hem peýdalanyp başlapdy — şäherlerde bikanun gurluşyklary ýüze çykarmakda we oba ýerlerinde neşe önümleriniň öndürilýän ýerlerini anyklamakda bu tehnologiýadan peýdalanylýar.


25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......