Aston Martin 1200 dollara çaga arabasyny görkezdi. Onuň dizaýny brendiň ulaglaryna salgylanýar

  • 12.09.2025 17:49
  • 6.5k+

Britaniýanyň premium awtomobil öndürijisi Aston Martin egg kompaniýasy bilen bilelikde öz hataryna çaga arabalaryny goşdy. Olaryň dizaýny we materiallary brendiň awtomobilleriniň elementlerini gaýtalaýar. Baha, takmynan, 1200 dollara barabar.

Arabalaryň tigirleri Aston Martin Valour we Victor ulaglarynda ulanylýan diskleriň stilinde ýerine ýetirildi, olaryň küpjekleri bolsa awtomobilleriň merkezi panellerindäki režim geçirijilerini ýatladýar. Daşlyklardaky tikin DBX707 krossoweriniň interýeriniň bezegini gaýtalaýar.
Arabalaryň bir görnüşi Aston Martin-iň yzygiderli çykýan awtomobillerinde ulanylýan ýaşyl we laým reňkleriniň utgaşmagynda döredildi. Beýleki ikisi – çal öwüşginlerde bolup, wintaž interýerini we karbonyň ulanylandygyny ýatladýar. Bezeg üçin brendiň awtomobilleriniň salonynda ulanylýan deri ulanyldy.
Şeýle-de, kompaniýa egg firmasy bilen bilelikde tutuş tematiki hatary taýýarlaýar: arabalardan başga-da, sallançak we çagalara seretmek üçin dürli aksessuarlar bolar.
Täze önümleriň satuwy ýylyň ahyryna golaý başlar.

şu gün 21:15
664

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

şu gün 16:05
1.7k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

şu gün 09:56
4.2k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

düýn 12:20
3.4k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....