TIF 2025: John Deere - baş hemaýatkär, Daewoo E&C — premýer-hyzmatdaş boldy

  • 13.09.2025 16:31
  • 4.3k+

“John Deere” amerikan korporasiýasy Türkmenistanyň maýa goýum forumy – 2025-iň baş hemaýatkäri, Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction (Daewoo E&C) kompaniýasy bolsa premýer hyzmatdaşy boldy.

1837-nji ýylda döredilen John Deere, oba hojalyk, gurluşyk we tokaý tehnikalaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň biridir. Şeýle-de, ol oba hojalyk pudagynda sanly çözgütleri durmuşa geçirýär.
Türkmenistanda kompaniýa 1994-nji ýyldan bäri işleýär. Şol döwürden bäri ýurdumyza ýerli şertlere laýyklykda uýgunlaşdyrylan 8 müňden gowrak tehnika getirildi. 2017–2020-nji ýyllar aralygynda 1350 sany oba hojalyk tehnikasy, şol sanda pagta ýygyjy kombaýnlary, traktorlar we sürüm gurallary satyn alyndy. Mundan başga-da, hususy hojalyklaryň buýurmalary boýunça goşmaça 785 sany enjam getirildi.
Döwlet maksatnamalarynyň çäginde oba hojalyk tehnikasynyň bahasynyň 85%-e çenli bölegi döwlet tarapyndan tölenýär. Hyzmatdaşlygyň möhüm ugry oba hojalygyny sanlylaşdyrmakdyr. 2020-nji ýylda bu ugurda gözegçilik we telematika ulgamyny 2030-njy ýyla çenli ornaşdyrmak baradaky Ähtnama gol çekildi.
2025-nji ýylyň maý aýynda Lebap welaýatynda John Deere M732i kysymly özi hereket edýän pürküji enjamlaryň tanyşdyrylyşy geçirildi.
Daewoo E&C 1973-nji ýylda esaslandyrylyp, häzirki wagtda gurluşyk, energetika we infrastruktura boýunça dünýäniň 30-dan gowrak ýurdynda taslamalary durmuşa geçirýär.
Kompaniýanyň nebitgaz we nebithimiýa desgalarynyň, şol sanda LNG zawodlarynyň gurluşygynda uly tejribesi bar. Türkmenistandaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyry Türkmenabatdaky mineral dökün öndürýän toplumyň gurluşygyndan başlandy.
2023-nji ýylda kompaniýa Aşgabatda öz şahamçasyny açdy we gaz, nebithimiýa hem-de ulag ugurlaryndaky täze taslamalara gyzyklanma bildirdi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......