10k+

BYD 7000 awtoulag daşamaga ukyply täze rolkerini suwa goýberdi

«BYD Auto» kompaniýasy özüniň ýük flotuny täze, sany boýunça eýýäm ýedinji uly rolkeri bilen giňeltdi. «Guangzhou Shipyard International» gämi gurluşyk zawodynda gurlan gämi 7000-e çenli awtoulag daşamaga ukyply diýip, «CnEVPost» neşiri habar berýär...

5.8k+

«Perseverance» mars roweri «tozan arwahy» bilen selfi düşdi

«Perseverance» mars roweri Marsda peýda bolan «tozan arwahyny» tötänleýin görkezýän selfi düşürdi. Ak reňkli, solak, buluda meňzeş girdap enjamdan, takmynan, bäş kilometr uzaklykda peýda boldy diýip, NASA habar berýär...

6.1k+

“Kitap” bilim merkezinde tomusky okuwlara 50%-den 100%-e çenli arzanlaşyk bilen ýazylyp bolýar

“Kitap” bilim merkezinde täze okuw möwsümi üçin ýazylyşyk başlady! Okuwlar 10-njy iýunda başlanýar. Bilim merkezinde şu ugurlar boýunça okuwlar hödürlenýär: DIL okuwlary: Iňlis dili Rus dili Nemes dili Fransuz dili Hytaý dili TOEFL/IELTS (Halkara synaglaryna taýýarlyk) PROGRAMMIRLEME: Flutter GUI/GUI Kit Cisco Packet Tracer C++/C# Python Go (Golang) JavaScript (Front-End Back-End, Node...

2.6k+

Türkmenistan Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy

20-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

6k+

“Barselona” Rafinýa bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltdy

“Barselona” braziliýaly hüjümçi Rafinýa bilen şertnamanyň möhletiniň 2028-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli uzaldylandygyny resmi taýdan habar berdi. Öňki şertnama 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýärdi. “Zehin we oýna gowy düşünmek onuň doly güýjüni siňdirmek we her gün agyr işi ýerine ýetirmek ukyby bilen utgaşýar...

1.7k+

Wideoaragatnaşyk görnüşinde BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi

22-nji maýda wideoaragatnaşyk görnüşinde BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär...

1.2k+

Kwentin Tarantino öz filmleri hakdaky kitaplaryň döredilişine gatnaşar

Kwentin Tarantino we žurnalist Jeý Glenni režissýoryň meşhur filmleriniň döreýşi bilen baglanyşykly birnäçe kitap taýýarlaýarlar. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, Tarantino olara giriş sözlerini ýazar. Tapgyryň ilkinji kitaby "The Making of Quentin Tarantinoʼs Once Upon a Time… in Hollywood" diýlip atlandyrylar...

1.3k+

Honda gibridler we elektrik ulaglary üçin täze logotip döretdi

2025-nji ýylyň konferensiýasynda Honda täze firma nyşanyny resmi taýdan hödürledi. Täzelenen "H" nyşany 2027-nji ýyldan başlap gibrid we doly elektrikli modellerde ulanylar. Täze logotip ýönekeýleşdirilen we “tekiz” stilde ýerine ýetirilen...

3.1k+

Netflix «Clash of Clans» boýunça multserial çykarar

«Netflix» striming hyzmaty «Clash of Clans» mobil oýny boýunça animasion serial dörediljekdigini mälim etdi. «Variety» neşiriniň bellemegine görä, taslamanyň üstünde işlejek topar hem-de premýeranyň senesi entek belli däl...

1.2k+

GPT-4 emeli aňy onlaýn çekişmelerde adamlaryň 64%-inden has ynandyryjy bolup çykdy

GPT-4 neýrotory onlaýn çekişmelerde, aýratyn-da, garşydaşyň şahsy maglumatlary ulanylanda adamlaryň özündenem has ynandyryjy bolup çykdy. Şweýsariýanyň Lozanna şäherindäki Federal politehniki mekdebiň mugallymy Robert Uestiň ýolbaşçylygynda, şweýsariýaly, italiýaly we amerikaly alymlar topary şeýle netijä geldiler...

5.8k+

FIFA täze transfer penjiresiniň açylmagyny tassyklady

ABŞ-da geçiriljek 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatyna klublary gatnaşýan FIFA-nyň 20 agza assosiasiýasynyň ählisi ýörite transfer penjiresiniň açylmagyny makullady. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) resmi saýtynda habar berilýär...

7.2k+

Hyundai täze Grandeur 2026 kaşaň sedanyny görkezdi

Hyundai 2026-njy ýylyň täzelenen Grandeur sedanyny görkezdi. Model tehnologiýa taýdan has kämil bolup, giňeldilen mümkinçiliklere eýe boldy. Bu, aýratynam, Honors ýörite wersiýasyna degişlidir. Grandeur Honors modeli Hyundai SmartSense II howpsuzlyk ulgamy, Bose audioulgamy, Built-in Cam 2 kamerasy we kämilleşdirilen nawigasiýa bilen üpjün edildi...

1.4k+

Microsoft ylmy gözlegleri çaltlaşdyrmak üçin Discovery EA platformasyny işe girizdi

Build 2025 konferensiýasynda Microsoft korporasiýasy emeli aňyň kömegi bilen ylmy gözlegleri çaltlaşdyrmak üçin döredilen Discovery platformasyny hödürledi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, täze ulgam maglumatlary seljermekden we çaklamalary öňe sürmekden başlap, tejribeleri modelirlemäge we netijeleri gaýtadan işlemäge çenli ylmy gözlegiň ähli tapgyrlarynda kömek eder...

5.9k+

Kanadada dinozawrlaryň heläk bolan ýerinden 8 müň süňk tapyldy

Kanadanyň Alberta welaýatynda paleontologlar pahirinozawrlaryň 8 müňden gowrak süňküni tapdy. Bu burnunda süňk ösüntgisi bolan we uly göwresi bilen tapawutlanýan ot iýýän dinozawrlardyr. Tapyndy, takmynan, 72 ýyl mundan ozal tutuş bir dinozawrlar sürüsiniň heläk bolandygyny görkezýär diýip, Interesting Engineering habar berýär...

10k+

Ankara bilen Eskişehiriň arasyndaky ýolda ilkinji aýdym-saz ýoly peýda boldy

Türkiýede ilkinji aýdym-saz ýoly açyldy. Ol Ankara bilen Eskişehiriň arasyndaky awtoulag ýolunda ýerleşýär. Bu ýol böleginiň üstünden bellibir tizlik bilen hereket edilende, awtomobiliň tigirleri Wolfgang Amadeý Mosartyň “Türk marşy” (Rondo alla turca) sazyny “çalyp başlaýar”...

1.4k+

Türkmenistan we BMG ýaşlar syýasaty babatynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar

21-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýaşlaryň işleri boýunça kömekçisi Felipe Paulýer bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky ýaşlar syýasaty babatyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna we geljegine giňişleýin garadylar hem-de Türkmenistanyň ýaşlar diplomatiýasynyň ösmegine goşýan goşandyny bellediler...