Duşenbede Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň duşuşygy geçirildi

  • 09.10.2025 18:42
  • 6k+

9-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Prezidenti Duşenbede geçiriljek möhüm syýasy çärelere — «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistana barypdy diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berdiler.

Prezident Emomali Rahmon belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiziň bu saparynyň däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow duşuşykda ýokary döwlet derejesindäki özara saparlaryň ähmiýetine ünsi çekip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýry-aýry ugurlary, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada durup geçdi. Şunda Türkmenistanyň we Täjigistanyň möhüm halkara hem-de sebit meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigi ýa-da ýakyndygy nygtaldy.
Täjigistan Respublikasy biziň ýurdumyzyň köpýyllyk, ygtybarly ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak babatda zerur çäreleri görmegiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Energetika, ulag, senagat, dokma, oba hojalyk pudaklary, senagat kooperasiýasy bolsa geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şeýle-de Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik hökümetara toparynyň, Türkmen-täjik işewürlik geňeşiniň işini ilerletmek, iki ýurtda söwda öýlerini açmak babatda tagallalary işjeňleşdirmek teklip edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti medeni-ynsanperwer ulgamyň döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny aýdyp, Medeniýet günlerini, halkara maslahatlardyr sergileri guramak tejribesini dowam etdirmegiň, ylym-bilim ulgamynda özara hereketleri has-da ösdürmegiň zerurdygyny belledi.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......