Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa –Russiýa» Sammitine we GDA-nyň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistana bardy

  • 09.10.2025 15:13
  • 6.5k+

9-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa –Russiýa» ikinji Sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň  döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, iş sapary bilen Täjigistana bardy. Bu barada TDH habar berýär.

Merkezi Aziýa döwletleri bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebit syýasatynyň okgunly ösýän we strategik ähmiýetli ugurlarynyň biridir. Berk taryhy medeni we ykdysady gatnaşyklara esaslanýan bu hyzmatdaşlyk syýasat, ykdysadyýet, energetika, ulag, ylym-bilim we ynsanperwer ýaly ulgamlary öz içine alýar. 
«Merkezi Aziýa – Russiýa»  formatyndaky birinji sammit 2022-nji ýylda Astanada geçirilipdi.
Türkmenistan bu altytaraplaýyn formatyň ösüşine saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz berk taryhy binýada we hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanýan özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumyny geçirmek boýunça başlangyjy munuň aýdyň mysallarynyň biridir. 


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......