Halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalary hakynda Düzgünnama tassyklanyldy

  • 09.10.2025 11:16
  • 3k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalary hakynda Düzgünnamany tassyklaýan Karara gol çekdi.

8-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň işiniň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýokarda agzalan Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy. Bu resminama Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we ugurdaş kanunlaryň, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda taýýarlanylyp, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge ýardam bermäge, ýurdumyzyň olaryň çäklerindäki işlerini utgaşdyrmaga gönükdirilendir. Düzgünnama Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalarynyň işini we ygtyýarlyklaryny, beýleki degişli meseleleri düzgünleşdirýär. Şeýle hem onda hemişelik wekilhanalaryň işiniň esaslarydyr maksatlary kesgitlenilýär. Şolaryň hatarynda degişli halkara guramalarda resmi döwletara gatnaşyklary saklamak, Türkmenistanyň we onuň raýatlarynyň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak, ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek, halkara guramalar bilen ulgamlaýyn esasda gatnaşyklary saklamak bilen baglanyşykly wezipeler bar. Mundan başga-da, resminamada hukuk we guramaçylyk meseleleri kesgitlenilýär, hemişelik wekiliň statusy, ileri tutulýan wezipeleridir ygtyýarlyklary bilen bagly kadalaşdyryjy düzgünler beýan edilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan halkara guramalaryň 54-siniň agzasy bolup durýar. Şolaryň 19-synda Türkmenistanyň hemişelik wekilleri resmi taýdan bellenildi.


şu gün 22:09
276

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

şu gün 18:14
412

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

şu gün 12:31
3.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
606

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......