Vittori 2,5 million dollarlyk ilkinji Turbio giperkaryny görkezdi

  • 10.10.2025 13:07
  • 4.6k+

Vittori atly italýan-amerikan kompaniýasy meşhur Pininfarina dizaýn öýi tarapyndan döredilen ilkinji Turbio atly giperkaryny tanyşdyrdy. Bu awtoulag diňe 50 sany çäkli nusgada öndüriler. Bahasy resmi taýdan yglan edilmedik bolsa-da, hünärmenler onuň takmynan 2,5 million dollar boljakdygyny çaklaýarlar.

Turbio-nyň dizaýny Bugatti, Lamborghini we McLaren ýaly meşhur superkarlardan ylham alýar. Döredijiler aerodinamik aýratynlyklaryň gowulandyrylmagyna üns berendigini belleýärler. Şeýle-de, sürüjä has “öwrenişikli” duýgy bermek maksady bilen salondaky köp sanly ekranlar we sensor paneller ýörite aýrylypdyr.
Platformasy baradaky jikme-jiklikler entek açylmady. Şeýle-de bolsa, Turbio-nyň uzynlygy, teker bazasy we gury agramy Lamborghini Revuelto bilen deňeşdirilýär. Görkezilen nusga häzirki wagtda önümçilige taýýarlanýan funksional konsept hökmünde görkezilýär.
Güýç gurluşy italýan Italtecnica kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Ol 6,8 litrlik atmosfera V12 hereketlendirijisini we elektrik hereketlendirijisini birleşdirýär. Netijede, awtoulag takmynan 1100 at güýjüni berýär. Bu sazlaşyk giperkara 0-dan 100 km/s tizlige bary-ýogy 2,5 sekuntda çykmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem hereketlendiriji minutda 9000 aýlawa çenli pyrlanýar.
Gyzykly ýagdaý: Vittori ilkinji bildiriş tapgyrynda awtoulagyň dizaýnynyň taýýarlanyşynda emeli aňyň peýdalanylandygyny belläpdi. Ýöne kompaniýanyň resmi metbugat habarynda bu barada hiç hili maglumat ýok.


16.05.2026 18:14
4.2k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

11.05.2026 11:24
2.5k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

11.03.2026 17:18
2.6k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...