Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

  • 11.03.2026 17:18
  • 2.6k+

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy.

Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi. Leaf ilki iň gowy ykjam awtomobil diýlip ykrar edildi. Finalda bolsa ol Skoda Elroq, Mercedes-Benz CLA, Hyundai Ioniq 9, Toyota 4Runner we Lamborghini Temerario ýaly bäsdeşlerinden öňe geçdi.

WWCOTY-nyň prezidenti Marta Garsiýa bäsleşigiň örän çekeleşikli geçendigini, ýöne Leaf modeliniň elýeterliligi, rahatlygy we ulanmakda ýönekeýdigi bilen ünsi özüne çekendigini belledi. Täzelenen gurluş salonyň giňligini has-da artdyrdy, elektrik hereketlendiriji ulgamy bolsa gündelik ulanyşda has netijeli we amatly boldy. Hut şeýle hemmetaraplaýynlyk modeliň ýeňiş gazanmagynda esasy sebäp boldy.

WWCOTY bäsleşigi 2009-njy ýyldan bäri geçirilýär. Ol «zenan awtomobillerini» saýlamaýar-da, zenan žurnalistleriň nukdaýnazaryny hasaba almak bilen, modellere hünär derejesinde baha berýär. Baha bermekde awtomobiliň dinamikasy, rahatlygy, funksionallygy, netijeliligi we alyjy üçin umumy gymmaty ýaly ölçegler göz öňünde tutulýar.

Leaf modeliniň ikinji nesli dünýä bazaryndaky ornuny berkitmegini dowam edýär: täzelenen dizaýny, giňeldilen funksiýalary we ýokary netijeliligi bu modele iň uly halkara awtomobil bäsleşikleriniň birinde ynamly ýeňiş gazanmaga mümkinçilik berdi.


düýn 14:05
3.6k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

20.06.2026 12:20
4.2k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....