ChatGPT indi göni çatda Spotify, Canva ýaly programmalary açyp bilýär

  • 09.10.2025 16:23
  • 1.1k+

Her ýyl geçirilýän DevDay 2025 çäresinde OpenAI kompaniýasy ChatGPT-ni ulanyjylaryň göni çatda başga programmalary nädip işledip biljekdigini görkezdi. Häzir çat-botda Spotify, Figma, Booking.com, Expedia, Coursera, Zillow we Canva programmalary elýeterli.

Şeýle-de, OpenAI işläp düzüjiler üçin Apps SDK-nyň deslapky wersiýasyny hödürledi. Ol ChatGPT-niň içinde programma döretmäge mümkinçilik berýär diýip, TechCrunch habar berýär.
OpenAI-iň baş direktory Sem Altmanyň aýtmagyna görä, täze funksiýanyň maksady çat-boty iş, okuw we döredijilik üçin amatly etmekdir.
Täze ulgamda programmalar göni söhbetde, ýüzlenme setirinde çagyrylýar. Mysal üçin, eger “Figma, bu garalama nusgasyny iş diagrammasyna öwür” diýlip ýüzlenilse, çat-bot şol wagt Figma-ny açar. Eger ulanyjy dynç günleri oturylyşyk üçin pleýlist sorasa, ChatGPT Spotify programmasyny açyp biler.
Geljekde ChatGPT-de DoorDash, Instacart, Uber we AllTrails ýaly programmalar peýda bolar.
Täze programmalar ulgamy model kontekst protokolynda gurnaldy, ol EA-nyň maglumat çeşmelerine birikmegine mümkinçilik berýär. Programmalar hereketi ýerine ýetirip, interaktiw interfeýsi ChatGPT-niň jogaplarynda görkezip biler. Ulanyjylar goşmaça funksiýalara elýeterli bolmak üçin öz akkauntlaryna girip biler. Altman geljekde programmalar üçin ChatGPT-niň içinde pul gazanmak usullarynyň peýda bolup biljekdigini belledi.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
963

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...