Serdar Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

  • 10.10.2025 11:17
  • 2.7k+

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Şu mynasybetli iki ýurduň Liderleri birek-birege gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma, wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana, şeýle hem ýurduň ähli halkyna gutlag iberdi.

“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýar, öňe gitmegi we gülläp ösmegi maksat edinýär. Türkmenistan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär” diýip, Serdar Berdimuhamedow hatynda belledi we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de gyşarnyksyz ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýolbaşçylaryna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, ýurduň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

"Birleşen Arap Emirlikleriniň we dostlukly Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň!
Siziň ýurduňyza ösüş, rowaçlyk, ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny arzuw edýärin. Biz dostlukly halklarymyzyň we döwletlerimiziň abadançylygynyň bähbidine gatnaşyklarymyzy ikitaraplaýyn esasda ösdürmäge çalyşýarys" diýip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan öz hatynda belledi.

 


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......