2025-nji ýylyň iň ygtybarly we meseleli awtomobilleri belli boldy

  • 09.10.2025 18:18
  • 9.8k+

WhatCar awtožurnalynyň hünärmenleri awtomobilleriň ygtybarlylygy boýunça 2025-nji ýylyň reýtingini düzdi.
Pikir soraşma 32 000 ulag eýesi gatnaşdy. Olar iki ýyl bäri ulanylyp gelinýän ulaglarynda ýüze çykan döwükler we näsazlyklar barada gürrüň berdi. Hünärmenler meseleli awtomobilleriň göterimi esasynda markalaryň we modelleriň reýtingini düzdi.
Pikir soraşmanyň netijeleri boýunça, Honda awtomobilleri iň ygtybarly ulaglar diýlip hasaplandy. Bu markanyň ygtybarlylyk reýtingi 99,6%-e ýetdi.
Iň ygtybarly ulaglary öndürijileriň ilkinji onlugy şeýle görnüşde:

  1. Honda — 99,6%.
  2. Mini — 96,4%.
  3. Suzuki — 95,7%.
  4. Toyota — 95,2%.
  5. Opel/Vauxhall — 95,1%.
  6. BMW — 94,6%.
  7. Tesla — 94,5%.
  8. Kia — 94,4%.
  9. Lexus — 94,2%.
  10. Citroen — 93,9%.

Mundan başga-da, makalanyň awtorlary dürli synpa degişli awtomobilleriň görkezijileri bilen paýlaşdy. Olardan käbirleri eýelerinden hiç hili arz-şikaýat almady we 100 göterim ygtybarlylyk reýtingi bilen öwnüp bilýär.

Kiçi modeller:

  • Has ygtybarly üç model: Hyundai i10 (2020) — 100%, Toyota Aygo X (2022+) — 99,7%, Mini (2014-2024) — 99,1%.
  • Has meseleli üç model: Renault Zoe (2013-2024) — 85,1%, Opel/Vauxhall Corsa Electric — 87,6%, MG 3 — 87,9%.

Ykjam modeller:

  • Ygtybarly: Kia Ceed (2018-2025) — 98,8%, BMW i3 (2013-2022) — 97,4%, Honda Civic (2022+) — 97,3%.
  • Meseleli: Hyundai Ioniq Electric (2016-2022) — 80,1%, Hyundai Ioniq 5 (2021) — 80,7%, Volkswagen Golf 8 (2020) — 82,2%.

Biznes-klas ulaglary:

  • Ygtybarly: Alfa Romeo Giulia (2016) — 98,2%, BMW 3 Series (2019) — 98,0%, Skoda Superb TDI (2015-2024) — 98,0%.
  • Meseleli: Mercedes-Benz C-Class (2021) — 76,3%, Volvo S90/V90 (2016) — 76,7%, Skoda Superb TSI (2015-2024) — 76,7%.

Ykjam krossowerler:

  • Ygtybarly: Kia EV3 (2024) — 100%, Volkswagen T-Roc (2018) — 99,0%, Hyundai Kona Hybrid (2019) — 98,7%.
  • Meseleli: Nissan Juke (2019) — 55,2%, Lexus LBX (2023) — 81,9%, Nissan Juke Hybrid (2022) — 89,0%.

Maşgala krossowerleri:

  • Ygtybarly: Opel/Vauxhall Grandland (2024) — 99,6%, Toyota RAV4 (2019) — 99,2%, Porsche Macan (2014) — 99,0%.
  • Meseleli: Volkswagen Tiguan (2024) — 81%, Kia Sportage (2016-2021) — 72,9%, Mazda CX-60 (2022) — 76,2%.

Premium krossowerler:

  • Ygtybarly: Lexus RX (2016-2022) — 98%, BMW X5 (2018) — 96,2%, Range Rover Sport (2013-2022) — 94,9%.
  • Meseleli: Audi Q7 (2015) — 78,6%, BMW iX (2021) — 81,0%, Mercedes-Benz GLE (2018) — 82,0%.

Ýedi orunlyk krossowerler:

  • Ygtybarly: Hyundai Santa Fe (2018-2024) — 100%, Skoda Kodiaq (2016-2024) — 97,8%, Mercedes-Benz GLB (2019) — 96,0%.
  • Meseleli: Audi Q7 (2015) — 78,6%, Land Rover Discovery Sport (2014) — 81,8%, Seat Tarraco (2018) — 84,9%.

Elektromobiller:

  • Ygtybarly: BMW i3 (2013-2022) — 97,4%, BMW i4 (2021) — 96,8%, Nissan Leaf (2018-2024) — 96,5%.
  • Meseleli: Hyundai Ioniq Electric (2016-2022) — 80,1%, Hyundai Ioniq 5 (2021) — 80,7%, Porsche Taycan (2020) — 81,2%.

Elektrokrossowerler:

  • Ygtybarly: Kia EV3 (2024) — 100%, Renault Scenic (2024) — 97,5%, Tesla Model Y (2022) — 97,1%.
  • Meseleli: Volkswagen ID.4 (2021) — 79,6%, Nissan Ariya (2022) — 80,9%, BMW iX (2021) — 81,0%.

Sport modelleri:

  • Ygtybarly: Toyota GR Yaris (2020) — 100%, BMW 4 Series — 98,5%, Toyota GR86 (2022) — 97,9%.
  • Meseleli: Porsche Taycan (2020) — 81,2%, Jaguar F-Type (2013-2024) — 81,9%, Porsche 718 Boxster/Cayman (2016-2025) — 89,8%.

şu gün 01:38
1.1k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

düýn 14:04
8k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.3k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3.1k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......