Daniýada Mişleniň restoranynda myhmanlary "garynja ýogurdy" bilen geň galdyrdylar

  • 09.10.2025 17:58
  • 5.5k+

Kopengagende (Daniýada) Mişleniň iki ýyldyzyna mynasyp bolan Alchemist restorany garynjalar bilen uýadylan ýogurdyň esasynda taýýarlanan adaty bolmadyk desertleri we kokteýlleri hödürledi. Synag ylmy barlagyň bir bölegi bolup, bu barada iScience žurnalyna salgylanyp CNN habar berýär.

Bu pikir tötänden döredi: aşpezler tötänden sowadyja düşen garynjanyň gapdalyndaky süýdüň uýandygyny gördüler. Şondan soň olar köne bolgar tejribesine esaslanyp, gyzyl agaç garynjalary ulanyp fermentasiýa geçirmek pikirini öňe sürüpdirler.
Bir synagda içi janly garynjaly süýdi garynjanyň hinine gömdüler we bir günüň dowamynda ol turşap, uýap ugrady.
Restoranda üç görnüşli tagam taýýarlanyldy:

  • garynjaly ýogurtly “ant-wich” buzgaýmagy – mör-möjek şekilli kökeleriň arasyna salynýar;
  • “garynja maskarponesi” – geçi süýdünden, guradylan garynjalar goşulyp taýýarlanyldy (tagamy boýunça pekorino peýnirine meňzeýär);
  • garynja esasynda süýtli kokteýl – süýdi uýatmak üçin limonyň ýerine guradylan garynjalar ulanyldy. Içginiň tagamy “ýüpek ýaly we limon turşuly, ýöne sitrusdan has çylşyrymly” diýlip häsiýetlendirilýär.

Alymlar janly garynjalaryň fermentasiýa prosesini has gowy geçirýändigini anykladylar. Guradylan ýa-da doňdurylan garynjalar islenýän netijäni bermeýär we olaryň düzüminde islenmeýän bakteriýalar bolup bilýär.
Barlagçylar garynjalardan tapylan peýdaly bakteriýalaryň geljekde azyk senagatynda ulanylyp bilinjekdigine ynanýarlar, ýöne mör-möjekleriň özlerini ulanmak meýilleşdirilmeýär.
Şeýle-de bolsa, barlagyň awtorlary öý şertlerinde şeýle tagamlary taýýarlamaga synanmazlygy maslahat berýärler. Gyzyl agaç garynjalar adamlara howply parazitleri geçirme ähtimallygyna eýe, şonuň üçin olar bilen howpsuz işlemek diňe laboratoriýa şertlerinde mümkin.


25.06.2026 23:36
5.8k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......